Gallaçylaryň armasy ýetirildi

13 Iýun 2023
414

Türkmeniň Hydyr gören rysgal-bereketli topragy atan her bir dänäňi müň edip gaýtaryp berýär. Oňa näçe yhlas edip, halal zähmet çekseň bol hasyl alyp biljekdigiň şübhesizdir. Biziň topragymyz rysgalyň gözli çeşmesidir. Ata-babalarymyzyň “Çekseň zähmet — ýagar rähnet” diýen nakylyna eýerip, ýeriň dilini tapýan daýhanlarymyz ondan bol hasyl almagy hem başarýarlar. Ýurdumyzda ýylyň-ýylyna bereketli harmanlar barha beýgelýär.

Ýolöten etrabynyň edermen gallaçylary döwlet harmanyna mynasyp goşant goşmak maksady bilen galla oragy möwsüminde yhlasly işleýärler. Oba hojalyk işleriniň gyzgalaňly gidýän günlerinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň agzybir işgärleri daýhanlaryň arasynda bolup, olaryň armasyny ýetirýärler. Ýakynda hem şeýle aýdym-sazly dabaralara giň orun berildi. Kombaýnçylaryň arasynda zähmet bäsleşikleri guralyp, aýratyn tapawutlananlara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýle-de, bu ýerde etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary boldy.