Topragyň berekedi

13 Iýun 2023
452

Toprak ýeriň üstki gatlagydyr. Ol atmosferanyň düzüminiň esasyny sazlaşdyrmakda uly ähmiýete eýe. Bu bolsa köp mukdarda dürli gazlary öndürýän toprak mikroorganizmleriniň işjeňligi bilen baglanyşykly amala aşyrylýar.

Suw toprak gatlagyndan süzülip geçip, ondaky himiki elementleri özüne alýar. Suwuň esasy ykdysady görkezijileri onuň tehniki we arassaçylyk gymmaty, himiki elementleriň saklanylyşy we olaryň arabaglanyşygy bilen kesgitlenilýär.

Maral ORAZOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.