Daýhan azaby

13 Iýun 2023
389

Gün nuruna birkemsiz bişip, säheriň şemalyna ygşyldaşyp oturan bugdaý sünbülleri gözüňi dokundyrýar. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen ahally babadaýhanlar hem galla oragyny guramaçylykly alyp barýarlar. Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Annaoraz Annamyradow hem galla oragyna ilkinjileriň hatarynda başlady. Indi 20 ýyla golaý wagt bäri topraga hyzmat edip gelýän tejribeli daýhan 30 gektar meýdandan 100 tonna golaý bugdaý hasylyny almaga borçlanýar. Diýmek, her gektaryň hasyllylygy 30—35 sentnere barabar bolýar.

—Sahawatly topraga ak ýürek bilen hyzmat etseň öz berekedini bolluk bilen eçilýär. Men bu hakykaty maşgalamyzyň şeýle-de özümiň iş tejribämizde görüp gelýärin. Ejem ýeriň dilini tapyp, ondan ýylyň-ýylyna bol hasyl almagy başarýan kärendeçileriň hatarynda tanalýar. Men hem ýetginjekligimden oňa ýakyndan ýardamçy bolup gezenimdenmi ýa halal zähmete çynym bilen berlenimdenmi bilmedim, topraga örkümi baglanymy duýman galdym. Her gezek ejem täze hasyldan çörek bişirip berende edil çaga ýaly begenerdik. Ýaňy orlan bugdaýyň unundan bişirilen çöregiň ysy-da, tagamy-da başgaça bolýar.

Bägül BEGENJOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby. SURATDA: kärendeçiler Batyr Pälwanow bilen Annaoraz Annamyradow bol hasylly meýdanda.