Durmuşymda ýatdan ýykmajak gün

14 Iýun 2023
370

Hormatly Prezidentimiziň bugdaýly meýdanymyza gelip, meniň bilen söhbetdeş bolmagy, hal-ýagdaýymyz, maşgalamyz, iş we durmuş şertlerimiz bilen gyzyklanmagy, öz sowgatlaryny gowşurmagy başymy göge ýetirdi, göwün guşumy ganatlandyrdy. Arkadagly Serdarymyz bilen didarlaşmak bagtynyň miýesser edendigi has-da yhlasly işlemäge, täze-täze üstünliklere ýetmäge ruhy güýç berdi. Hormatly Prezidentimiziň topraga ideg edişimiz bilen gyzyklanyp, özüniň gyzyldan gymmatly maslahatlaryny bermegi bereketli hasyly ýygnamakda yhlasymyza yhlas goşup, bagt atyna atardy. Ýatdan çykmajak bu gün maşgalamyz üçin uly toýa öwrüldi.

Men indi 23 ýyl bäri daýhançylyk bilen meşgullanyp gelýärin. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ideg eden ekin meýdanymda gallanyň bol hasylyny ýetişdirdim. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen mele toprakdan ýokary hasyl almagymyz üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Suw, tohum, dökün, tehnika bilen üpjünçiligiň ýokary bolmagy yhlasymyza yhlas goşýar, zähmet öndürijiligimizi artdyrýar.

Geldimyrat Amanmyradow,
«Batly-Gadam» hususy kärhanasynyň ekerançylyk meýdanynyň daýhany.