Zähmet gaýnap joşýar

14 Iýun 2023
311

Bu gün daýhanlaryň alyn derini, uçursyz köp zähmetini siňdiren gallaly atyzlaryny synlamaga göz, wasp etmäge söz gerek. Hawa, ynsanyň gollarynyň gudraty, yhlasy bilen ene toprak berekede beslendi. Altyn güýzde umyt-arzuwa beslenip, topraga atylan däneler müňledi. Indi uly iliň soltany bolan ak ekiniň dok däneli başlary atyzlara özboluşly gelşik berip, göreniň gözlerini dokundyrýar. Bol hasyly ýitgisiz ýygnap alyp, döwlet ammarlaryna tabşyrmak bilen bagly işler bolsa ýokary guramaçylykly dowam edýär. Munuň şeýledigine Saýat etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň gallaly meýdanlarynda bolanymyzda, magat göz ýetirdik.

― Görüp durşuňyz ýaly, zähmetimiz ýerine düşdi. Ýer eýelerimiz irki hem-de bol hasyly ösdürip ýetişdirmegi başardylar. Gymmatly hasyly yrýa etmän ýygnamaly pursat hem gelip ýetdi. Şu jogapkärli günlerde bize etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň kombaýnçylary, awtoulag kärhanalarynyň sürüjileri kömege geldiler. Birleşen tagallalarymyz bilen bugdaýy ormak, hasyly harmanhana daşamak işleri sazlaşykly alnyp barylýar. Kärendeçilerimiziň gazanýan netijeleri olaryň azabynyň ýerine düşendigine şaýatlyk edýär ― diýip, hojalygynyň 4-nji kärendeçiler toparynyň ýolbaşçysy Perman Hajyýew guwanç bilen gürrüň berýär.

Mämmet GYLYJOW.
Surata düşüren Merdan ORAZOW.