"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Ak bugdaýym — baýlygym

Türkmenlerde: «Ýykylsaň, ýere ýapyş», «Ýere der siňdiren – ýerden zer alar», «Daýhandan hereket – ýerden bereket» diýen ýaly nakyla öwrülen aýtgylar bar. Halkymyzyň döwletlilik ýörelgeleriniň biri-de baş saglygy bilen saçaklarynyň mele-myssyk çörekden dolup durmagyny durmuşyň iň esasy baýlygy hasaplamagydyr. Bu düşünjeler bize paýhasly pederlerimizden ebedilik miras galyp, türkmen halkynyň aňynda müdimilik orun alandyr. Türkmençilikde azyk önümleriniň soltany hasaplanylýan bugdaýa mukaddeslik hökmünde sarpa goýulýar. Daýhan birleşiklerinde zähmet çekýän kärendeçileriň we obasenagat toplumynda işjeňlik görkezýän hususy önüm öndürijileriň netijeli zähmet çekmegi üçin ähli amatly şertleriň döredilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Oba hojalyk ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilip, ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary durmuşymyza giňden ornaşdyrylýar. Şunlukda, bugdaýyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini has-da artdyrmaga giň mümkinçilikler döredilýär.

Orak möwsümi gyzyşýar

Murgap jülgesiniň merdana hasyl ussatlary 170 müň gektarda bugdaý ekip, ak ekiniň bol-bitginli hasylyny ýetişdirdiler. Olar iýun aýynyň başynda bugdaý oragyna girişip, azap siňdirilip ýetişdirilen galla hasylynyň birje dänesini hem yrýa etmän ýygnamagy maksat edindiler. Galla kabul ediş nokatlarynda gözüňi dokundyrýan altynsow bugdaýyň münber-münber harmanlary peýda bolup ugrady. Hormatly Prezidentimiziň kärendeçilerdir telekeçilere berýän yzygiderli hemaýat-goldawlaryndan ruhlanan ýer eýeleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýunyň belleniljek ýylynda döwlet harmanyna 345 müň tonna guşgursak bugdaý hasylyny tabşyrmak üçin gaýratly zähmet çekýärler. Möwsüme öz wagtynda ykjam taýýarlyk görülmegi, oragy ýokary depginlerde, guramaçylykly alyp barmaga şert döredýär. Häzir welaýatyň bugdaýly meýdanlarynda daşary döwletleriň kuwwatly däne orýan kombaýnlarynyň 500-den gowragy bökdençsiz işledilýär. Sürüjiler özlerine ynanylan 2400-den gowrak awtoulaga ussatlyk bilen erk edip, täze hasyly ammarlara, galla kabul ediş nokatlarydyr elewatorlara daşamakda gaýratlylyk görkezýärler. Hasyly bökdençsiz kabul etmäge, aýawly we talabalaýyk derejede saklamaga giň mümkinçilik berýän galla kabul ediş nokatlarynyň 40-dan gowragynyň, elewatorlaryň 11-siniň, ammarlaryň 45-siniň, bassyrmalaryň 12-siniň işi ýokary derejede ýola goýlupdyr.

Maldarlaryň obasy

Hojambaz etrabynyň Tallymerjen obasy ýurdumyzda ussat maldarlaryň mekany hasaplanýar. Ýakynda bu obada bolanymyzda, ata kesbini dowam etdirýän çopan maşgalalarynyň biri bilen has ýakyndan tanyşmak miýesser etdi. Nepiýewleriň çopan neberesiniň başynda geçen asyryň 50 — 60-njy ýyllarynda çopançylyk edip, soňra çopan taýagyny ogly Rozykula tabşyran Jepbar Nepiýew durýar. Ata ýodasyny yzarlap, ony şeksiz dowam etdiren Rozykuluň özi hem ogly Hoşgeldini tejribeli çopan edip ýetişdirmek bilen, oňa bu käriň inçe syrlaryny birkemsiz öwredipdir. Hut şonuň üçin-de, Hoşgeldi Nepiýewiň çopan topary bu gün ähli meýilnamalaryny birkemsiz berjaý etmek bilen, Tallymerjende iň hormatlanýan topar bolup ýetişdi. Ol ýaňy elliniň onlugyny ýarpylan bolsa-da, hojalykda köp çopanlaryň halypasy hasaplanýar. Hatda hojalygyň maldarçylyk boýunça hünärmenleri-de käbir meseleler babatda Hoşgeldi bilen maslahatlaşanyny kem görmeýär. Sebäbi onuň bu ugurda baý tejribesi bar. Ol şol tejribesine daýanyp, gyş hernäçe gylyksyz gelse-de, bakýan mallarynyň başyny bitin alyp çykmagy başarýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, çopanyň özüne-de köp peýda getirýär. Sebäbi çopanlara indi öz bakýan sürüsinde hususy malyny bakmaga-da rugsat berildi. Bu oňyn ýagdaý çopan-çoluklarda uly gyzyklanma döretdi. Olar indi gyş üçin ot-iým taýýarlamaly ýa-da agyl-kaşarlary abatlamaly bolsa-da, bu işe öz maşgala agzalary bilen

Gal­la­ly meý­dan­da zäh­met joş­ýar

Yn­san ýa­şaý­şy­nyň ze­rur iý­mi­ti bo­lan mu­kad­des çö­re­giň un­dan, unuň bol­sa bug­daý­dan ön­ýän­di­gi­ni bi­ziň her bi­ri­miz bil­ýä­ris. Bi­ziň ke­ra­mat­ly ene top­ra­gy­myz bar. Bu be­re­ket­li top­rak­dan bol ha­syl al­mak bagt­dyr. Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz oba ho­ja­lyk ul­ga­my­ny öz­gert­mek, ös­dür­mek ba­bat­da uly ta­gal­la ed­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de gal­la­çy daý­han­la­ra döw­let ta­ra­pyn­dan ýe­ňil­lik­li gol­daw­lar be­ril­ýär. Hä­zir­ki za­ma­nyň kä­mil, kuw­wat­ly trak­tor­la­ry­dyr kom­baýn­la­ry, oba ho­ja­lyk gu­ral­la­ry bi­len üp­jün edil­ýär. Oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň döw­let sa­tyn alyş nyrh­la­ry ýo­kar­lan­dy­ryl­ýar. Kä­ren­de­çi­le­riň yh­las­ly, ne­ti­je­li zäh­met çek­me­gi üçin şeý­le müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi ön­dü­ril­ýän oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň art­ma­gy­na iter­gi ber­ýär. «Bal­kan­gal­laö­nüm­le­ri­ne» de­giş­li kär­ha­na­lar­da, gal­la ka­bul ediş no­kat­la­ryn­da ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­ly ka­bul et­mä­ge hem-de ta­la­ba­la­ýyk sak­la­ma­ga äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­di. Ka­bul edi­len ha­syl gal­la ka­bul ediş no­kat­la­ryn­dan am­mar­la­ra, kuw­wat­ly ele­wa­tor­la­ra da­şal­dy.

Daý­han mert — ýer jo­mart

Türk­men top­ra­gy — be­re­ket­li top­rak. Mun­da ön­ýän önüm­ler sa­çak­la­ry­my­zy süý­ji nyg­mat­lar bi­len dol­dur­ýar. Daý­han­la­ryň maň­laý de­ri bi­len ýe­tiş­di­ren bol ha­sy­ly — hal­kyň rys­ga­ly, baý­ly­gy, toý sa­çak­la­ry­my­zyň be­ze­gi. Bug­daý sö­zü­niň özün­de mu­kad­des­lik jem­le­nen­dir. Mu­ny onuň bi­len bag­ly dö­re­di­len na­kyl­lar, aýt­gy­lar, ro­wa­ýat­lar hem su­but ed­ýär. «Bug­daý na­nyň bol­ma­sa, bug­daý sö­züň ýok­mu­dy», «Bug­da­ýy bol­ma­dy­gyň, ýag­da­ýy bol­maz» ýa­ly çuň ma­ny­ly ata­lar söz­le­ri­ni hal­ky­myz ýö­ne ýe­re dö­re­den däl­dir. «Daý­han­dan he­re­ket — ýer­den be­re­ket» diý­li­şi ýa­ly, bu ýyl hem bug­daý ha­sy­ly be­re­ket­li bol­dy. Ak bug­da­ýyň me­ka­ny ha­sap­lan­ýan Ak ­bug­daý et­ra­by­nyň daý­han­la­ry hem şu ýyl bug­da­ýyň bol ha­sy­ly­ny ýe­tiş­dir­di­ler. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz «Bug­daý­ly» daý­han bir­le­şi­gi­ne ba­ryp, kä­ren­de­çi­le­riň ýe­tiş­di­ren bug­daý ha­sy­ly­ny syn­la­dy. Kä­ren­de­çi Ç.An­na­ýew bi­len bug­da­ýyň dür­li gör­nüş­le­ri, ola­ryň ha­syl­ly­ly­gy ba­ra­da söh­bet­deş bol­dy. Bug­daý ora­gy­nyň dep­gi­ni bi­len gy­zyk­lan­dy. Bu gör­nüş­le­ri syn­la­mak biz­de ýa­kym­ly duý­gu­la­ry dö­ret­di. Bi­ziň maş­ga­la­myz hem daý­han­çy­lyk bi­len iş sa­lyş­ýar. Ogul­la­rym ene top­ra­ga hyz­mat edip, bug­da­ýyň bol ha­sy­ly­ny ýe­tiş­dir­di­ler. Olar bug­da­ýyň ýo­ka­ry hil­li gör­nü­şi­ni e

Harmanyňyza bereket, gallaçylar!

«7/24 tm» № 25 (160) 19.06.2023 Türk­men hal­kyn­da «Gal­lam bar — tyl­lam bar» di­ýen paý­has­ly jüm­läniň bar­dy­gy­ny hem­mä­miz bil­ýä­ris. Bu jüm­le gal­la bol­çu­ly­gy­nyň rys­gal-be­re­ke­diň göz­ba­şy­dy­gy­ny aň­lad­ýar. Eder­men gal­la­çy­la­ry­my­zyň yh­las­ly zäh­me­ti ne­ti­je­sin­de şu ýyl hem bug­da­ýyň bol ha­sy­ly ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­di.

Bereket bolçulygy daýhan yhlasyndan döreýär

13-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň günbatar sebitine iş saparyny amala aşyryp, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de galla oragynyň depgini bilen tanyşdy. Ir bilen döwlet Baştutanymyzyň dikuçary paýtagtymyzdan ugur alyp, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky «Batly-Gadam» hususy kärhanasynyň bugdaý meýdanynyň ýanyna gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer we welaýatyň häkimi mähirli garşyladylar. Döwlet Baştutanymyz daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen, gözüňi dokundyrýan bugdaý başlarynyň tolkun atýan meýdanlaryny synlady.

Ähli düzümler sazlaşykly işledilmelidir

12-nji iýunda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler. Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynda hem ýurdumyzda dowam edýän oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berlip, onuň dowamynda bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlarda gallaçy daýhanlarymyz tarapyndan ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler dowam etdirilýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerini öz wagtynda geçirmek, ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak, sürümde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek ugrunda zerur çäreler görülýär.

Halal zähmet — baky döwlet

14-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyna iş saparyny amala aşyryp, obasenagat toplumynyň düzümleriniň sazlaşykly işiniň üpjün edilişi hem-de galla oragynyň depginleri bilen tanyşdy.

Welaýatymyzda bugdaý oragy gyzgalaňly barýar

Gallaçylaryň üstünligi Görogly etrabynyň hasyl ussatlary şu ýylyň galla oragyny gysga möhletde, ýokary hilli geçirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Etrabyň «Aksaraý» daýhan birleşiginiň gallaçy daýhanlary üstümizdäki ýylda 1100 gektar ýere bugdaý ekip, ondan 2140 tonna bugdaý hasylyny almak ugrunda zerur işleri durmuşa geçirýärler.

Galla — 2023

Ýaryşly iş — ýeňişli iş Welaýatymyzyň galla meýdanlarynda orak möwsümini üstünlikli jemlemek, galla hasylyny isripsiz ýygnamak üçin guramaçylyk işleri giňden ýaýbaňlandyrylan häsiýete eýedir. Daýhanyň daban azaby, alyn deri bilen ýetişdirilen, ählumumy baýlygymyz bolan guşgursak ak bugdaýyň bir dänesini-de yrýa etmän ýygnamak işleri gyzgalaňly alnyp barylýar.

Öňdebaryjy gallaçylar höweslendirilýär

Gökdepe etrabynyň gallaçylary şu günler orak möwsümini guramaçylykly alyp barýarlar. Bu jogapkärli möwsümiň çalt we ýitgisiz alnyp barylmagynda gallaçylaryň arasynda geçirilýän höweslendiriş çäreleriniň ähmiýeti uludyr. Etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan öňdebaryjy gallaçy kärendeçiler, däne orujy kombaýnlaryň mehanizatorlary we hasyly kabul ediş nokatlaryna daşaýan awtoulag sürüjileri bilen iş üstünde duşuşyklar guralyp, olaryň armasy ýetirilýär hem-de ýörite sowgatlar gowşurylýar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň wekilleri daýhan birleşikleriniň birnäçesinde, zähmetiň joşýan ýerinde bolup, gallaçylar bilen duşuşdylar. Olara özleriniň zähmet üstünligini arzuw edip, özleriniň sowgatlaryny gowşurdylar. Iş üstündäki duşuşyklar gallaçylary uly üstünliklere ruhlandyrdy.

Daýhan bolmak — uly hormata eýe bolmak

Çary ANNAÝEW, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Bugdaýly tejribe-tohumçylyk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi: — Çarşenbe gününiň ir säherinde Gahryman Arkadagymyzyň mübärek gadamynyň kärende ýerime düşmegi, dogrusy, meniň üçin garaşylmadyk waka boldy. Milli Liderimiz altyn başly ak bugdaýly meýdanlarda gyzgalaňly dowam edýän bugdaý oragynyň gidişi bilen tanyşdy, iş-aladalarymyz, zähmet şertlerimiz bilen gyzyklandy. Munuň özi asylly käre bolan höwesimizi, söýgimizi artdyryp, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy.

Keremli topragyň berekedi

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 26-njy maýynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda galla oragy möwsüminiň başlanmagyna ak pata berdi. Döwlet Baştutanymyzyň buýsançly sözlerinden ruhlanan daýhanlarymyz bu asylly işe uly hyjuw bilen girişdiler. Häzirki günlerde bolsa işler gyzgalaňly dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň 13-nji iýunda ýurdumyzyň Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, bugdaý oragynyň depgini bilen tanyşmagy gallaçy daýhanlary zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Türkmeniň bereketli topragynyň gymmatly hasyly bolan guşgursak bugdaýyň ösdürilip ýetişdirilmegi ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam edýär.

Gant şugundyrynyň bol hasyly ýetişdiriler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 21-nji maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Türkmenistanda 2023-nji ýylda gant şugundyryny öndürmek hakynda» Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine hem-de Mary welaýatynyň häkimligine welaýatyň etraplarynda önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehniki kadalara laýyklykda, ylmy esasda ýola goýmak bilen, gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Ilatyň şeker we ondan öndürilýän dürli önümlere bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak, gant şugundyrynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we ekilýän meýdanlaryny giňeltmek maksady bilen, şu ýyl 17 müň 900 gektarda güýzlük gant şugundyryny ekmek we şol ýerlerden 224 müň tonna ýokary hasyl ýetişdirmek meýilleşdirildi. Şeýle-de ekin ekiljek meýdanlarda ýerleri ekişe taýýarlamak boýunça möwsümleýin işleri bellenen möhletlerde geçirmegi, gant şugundyryny öndürijileri zerur möçberde ýokary hilli tohum, suwaryş suwy, mineral dökünler bilen üpjün etmek möhüm wezipe edilip goýuldy. Munuň üçin gant şugundyry ylmy taýdan esaslandyrylan usullar we öňdebaryjy tejribe esasynda ýetişdiriler, şol sanda suwarymly ýerleri gurplandyrmagyň, gant şugundyryny ösdürip ýetişdirmegiň agrotehnikasy has-da kämilleşdiriler.

Oňat netijeler gazanyldy

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabyndaky «Dowardarçylyk», Görogly etrabyndaky «Garagum» maldarçylyk hojalyklarynda aprel aýynyň üçünji ongünlügine çenli dowam eden owlak-guzy möwsümi guramaçylykly geçirilip, oňat netijeler gazanyldy. Welaýat boýunça 37 müň 700-e golaý owlak-guzy alnyp, göz öňünde tutulan meýilnama üstünlikli berjaý edildi. Bu hojalyklarda mallaryň baş sanyny köpeltmek, olaryň önümliligini ýokarlandyrmak, işleri döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak babatda degişli çäreler yzygiderli geçirilýär. Öri meýdanlarda çopanlar üçin ähli şertler döredildi, goşmaça adam güýji çekildi, täze sürüler ýeterlik mukdarda ot-iým, zerur däri-dermanlar bilen üpjün edildi.

Ak bugdaý — rysgal-berekediň gözbaşy

Türkmenistan — ak bugdaýyň Watany. Türkmen halky baş saglygy bilen saçaklaryň mele-myssyk çörekden doly bolmagyny durmuşda iň esasy baýlyk hasap edýär. Ol bize paýhasly ata-babalarymyzdan miras galan, hiç haçan möwritini geçirmejek, geçirmedik gymmatly düşünje. Hut şu nukdaýnazardan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň pähim-paýhasy esasynda, beýleki ulgamlar bilen bir hatarda oba hojalyk pudagyna-da aýratyn uly üns berilýän ýurdumyzda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem bugdaýyň bol hasyly ýetişdirildi. 13-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň günbatar sebitine iş saparyny amala aşyryp, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň amala aşyrylyşy hem-de galla oragynyň depgini bilen tanyşdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, ýurdumyzyň Balkan welaýatynda hem oba hojalygy pudagynda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Balkan welaýatynyň gallaçylarynyň şu ýylky döwlet borçnamasy 80 müň tonna dänä barabardyr. Günbatar sebitde ýokary hasyly ösdürip ýetişdirmek üçin meýilnamanyň ýerine ýetirilmegi, agrotehniki kadalaryň takyk berjaý edilmegi babatda köp işler amala aşyryldy. Döwlet Baştutanymyzyň daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi üçin amatly şertleri döretmek meselesine berýän ünsi

Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar

Çäjiňe bereket, gallaçy daýhan! Arkadagly Serdar ak pata berdi,

Tagallalar jem bolanda

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe başy başlanan beýik işler, durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler bu gün oňyn netijelere eýe bolýar. Ykbal özgerdiji bu beýik işler bolsa halkymyzyň we ýurdumyzyň durmuşynda ägirt uly ähmiýete eýe bolup, zähmetkeş halkymyzyň buýsanjyny belende göterýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem oba hojalygynda ýeňişli sepgitleri nazarlaýan kärendeçi ýer eýeleri arman-ýadaman gujurly zähmet çekýärler. Welaýatymyzda häzirki günler galla oragy gyzgalaňly dowam edip, möwsümde işledilýän kombaýnlar, bugdaý daşaýan awtoulaglar, galla kabul ediş bölümleri dyngysyz işleýärler. Orakdan boşan meýdanlarda sürüm işleri ýokary hilli geçirilýär.

Galla — 2023

Mukaddes meýdanlardaky baýlyk ...Syrdam boýly, dolmuş gelin heniz daň doly agarmanka, tamdyra ot goýberip: «Bismilla, pirim Pugta, men ýapaýyn, sen togta!» diýip, çöregi tamdyra ýapyp dur. Täze bugdaýyň unundan bişirilen tamdyr çöreginiň ysyna bütin oba oýandy...