Galla — 2023

15 Iýun 2023
363

Ýaryşly iş — ýeňişli iş

Welaýatymyzyň galla meýdanlarynda orak möwsümini üstünlikli jemlemek, galla hasylyny isripsiz ýygnamak üçin guramaçylyk işleri giňden ýaýbaňlandyrylan häsiýete eýedir. Daýhanyň daban azaby, alyn deri bilen ýetişdirilen, ählumumy baýlygymyz bolan guşgursak ak bugdaýyň bir dänesini-de yrýa etmän ýygnamak işleri gyzgalaňly alnyp barylýar.