Gant şugundyrynyň bol hasyly ýetişdiriler

15 Iýun 2023
471

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 21-nji maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Türkmenistanda 2023-nji ýylda gant şugundyryny öndürmek hakynda» Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine hem-de Mary welaýatynyň häkimligine welaýatyň etraplarynda önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehniki kadalara laýyklykda, ylmy esasda ýola goýmak bilen, gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Ilatyň şeker we ondan öndürilýän dürli önümlere bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak, gant şugundyrynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we ekilýän meýdanlaryny giňeltmek maksady bilen, şu ýyl 17 müň 900 gektarda güýzlük gant şugundyryny ekmek we şol ýerlerden 224 müň tonna ýokary hasyl ýetişdirmek meýilleşdirildi. Şeýle-de ekin ekiljek meýdanlarda ýerleri ekişe taýýarlamak boýunça möwsümleýin işleri bellenen möhletlerde geçirmegi, gant şugundyryny öndürijileri zerur möçberde ýokary hilli tohum, suwaryş suwy, mineral dökünler bilen üpjün etmek möhüm wezipe edilip goýuldy. Munuň üçin gant şugundyry ylmy taýdan esaslandyrylan usullar we öňdebaryjy tejribe esasynda ýetişdiriler, şol sanda suwarymly ýerleri gurplandyrmagyň, gant şugundyryny ösdürip ýetişdirmegiň agrotehnikasy has-da kämilleşdiriler.

Ýagmyr ORAZOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.