Gazagystanda demir ýol infrastrukturasy boýunça milli operator dörediler

20 Fewral 2024
468

Senator Ýewgeniý Bolgertiň pikiriçe, «Gazagystan demir ýollarynyň» (GDÝ) gurluşynda milli infrastruktura operatoryny döretmek ýa-da aýyrmak meselesi yzygiderli yza süýşürilýär. Ýolbaşçynyň şeýle mazmundaky sözlerini «inbusiness.kz» köpçülige ýetirýär.

«Häzirki wagtda infrastrukturany ösdürmek üçin käbir möhüm wezipeler milli ýük daşaýjy tarapyndan amala aşyrylýar. Munuň özi bäsdeşlik gurşawynda bolandygy sebäpli, bu kompaniýa üçin adaty ýagdaý däl. Şu nukdaýnazardan hem, ulag işine beýleki gatnaşyjylar üçin deň bolmadyk şertler döredilýär. Bu meselede meniň soragym bar: infrastrukturanyň milli operatory döredilermi?» — diýip, deputat sowal berdi.