Ak bugdaýym — baýlygym

19 Iýun 2023
475

Türkmenlerde: «Ýykylsaň, ýere ýapyş», «Ýere der siňdiren – ýerden zer alar», «Daýhandan hereket – ýerden bereket» diýen ýaly nakyla öwrülen aýtgylar bar. Halkymyzyň döwletlilik ýörelgeleriniň biri-de baş saglygy bilen saçaklarynyň mele-myssyk çörekden dolup durmagyny durmuşyň iň esasy baýlygy hasaplamagydyr. Bu düşünjeler bize paýhasly pederlerimizden ebedilik miras galyp, türkmen halkynyň aňynda müdimilik orun alandyr. Türkmençilikde azyk önümleriniň soltany hasaplanylýan bugdaýa mukaddeslik hökmünde sarpa goýulýar.

Daýhan birleşiklerinde zähmet çekýän kärendeçileriň we obasenagat toplumynda işjeňlik görkezýän hususy önüm öndürijileriň netijeli zähmet çekmegi üçin ähli amatly şertleriň döredilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Oba hojalyk ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilip, ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary durmuşymyza giňden ornaşdyrylýar. Şunlukda, bugdaýyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini has-da artdyrmaga giň mümkinçilikler döredilýär.

Kümüş MÄTNIÝAZOWA,
TDP-niň Ahal welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy.