Oňat netijeler gazanyldy

15 Iýun 2023
402

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabyndaky «Dowardarçylyk», Görogly etrabyndaky «Garagum» maldarçylyk hojalyklarynda aprel aýynyň üçünji ongünlügine çenli dowam eden owlak-guzy möwsümi guramaçylykly geçirilip, oňat netijeler gazanyldy. Welaýat boýunça 37 müň 700-e golaý owlak-guzy alnyp, göz öňünde tutulan meýilnama üstünlikli berjaý edildi.

Bu hojalyklarda mallaryň baş sanyny köpeltmek, olaryň önümliligini ýokarlandyrmak, işleri döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak babatda degişli çäreler yzygiderli geçirilýär. Öri meýdanlarda çopanlar üçin ähli şertler döredildi, goşmaça adam güýji çekildi, täze sürüler ýeterlik mukdarda ot-iým, zerur däri-dermanlar bilen üpjün edildi.

Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz).