Öňdebaryjy gallaçylar höweslendirilýär

15 Iýun 2023
458

Gökdepe etrabynyň gallaçylary şu günler orak möwsümini guramaçylykly alyp barýarlar. Bu jogapkärli möwsümiň çalt we ýitgisiz alnyp barylmagynda gallaçylaryň arasynda geçirilýän höweslendiriş çäreleriniň ähmiýeti uludyr. Etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan öňdebaryjy gallaçy kärendeçiler, däne orujy kombaýnlaryň mehanizatorlary we hasyly kabul ediş nokatlaryna daşaýan awtoulag sürüjileri bilen iş üstünde duşuşyklar guralyp, olaryň armasy ýetirilýär hem-de ýörite sowgatlar gowşurylýar.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň wekilleri daýhan birleşikleriniň birnäçesinde, zähmetiň joşýan ýerinde bolup, gallaçylar bilen duşuşdylar. Olara özleriniň zähmet üstünligini arzuw edip, özleriniň sowgatlaryny gowşurdylar. Iş üstündäki duşuşyklar gallaçylary uly üstünliklere ruhlandyrdy.

Baýramgeldi ATAÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gökdepe etrap birleşmesiniň başlygy.