"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Durmuş-ykdysady özgertmeler rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösdürilmegine gönükdirilen işler netijeliligi bilen tapawutlanýar. Şunuň bilen baglylykda, 21-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilen milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Netijeli işler üstünlige badalgadyr

Häzirki wagtda ýurdumyzyň sebitlerinde üstünlikli işler alnyp barylýar. Welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin işler möhüm ähmiýete eýe bolup, zerur bolan tehnikalar bilen üpjün edilýär. Şunuň bilen baglylykda, 23-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Iş maslahatynyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew, Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Gadymy mirasymyzyň, şöhratly taryhymyzyň beýany

Türkmen halky kitaba, pähimli sözlere belent sarpa goýýan halkdyr. Çünki kitap döwrüň taryhyny, halkyň durmuşyny we ruhuny özünde jemleýän gymmatlykdyr, bahasyna ýetip bolmajak hazynadyr. Özi hem şöhratly taryhymyza buýsanç döredýän ajaýyp kitap gymmatly gollanmadyr. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabyny ýüzümize sylyp, şöhratly taryhymyza aýdyň göz ýetirýäris, pähimdar pederlerimize buýsanýarys. Şöhratly taryhymyzy we gadymdan gözbaşly edebiýatymyzy öwrenmekde we dünýä ýaýmakda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň ähmiýeti uludyr. Bu her birimiz, esasan hem, alymlar üçin uly gollanmadyr. Häzirki döwrüň beýikligine we uzak geçmişiň şöhratyna düşünmek ynsany ruhy taýdan baýlaşdyrýar. Şonuň üçin hem beýik siwilizasiýalar, medeni ojaklar hakynda söz açylanda hökmany suratda pähimdar pederlerimiziň asylly ýörelgeleri aňymyzda janlanýar. Bu hem pähimdar pederleriň, akyldarlarymyzyň döreden gymmatlyklaryna düşünmäge ýardam berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynda şeýle bellenilýär: «Pederlerimiz asyrlaryň mizan eleginden geçirip, bu durmuş hakykatyny pähime öwrüpdirler: Geçmişi bolmadygyň, geljegi bolmaz. Geçmiş — geljegiň berk binýady. Geçmiş — geljegi gurmagyň sapaklary. Geçmiş — pähim-parasat. Halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan geçmişi, taryhy — mertligiň, gahrymançylygyň, ygrarlylygyň, bele

«Hakyda göwheri» — halkymyzyň nusgalyk ýoly

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitaby halkymyzyň gadymy taryhynyň, baý mirasynyň we medeniýetiniň, milli gymmatlyklarynyň halkara giňişligindäki şöhratly ornuny has-da belende galdyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynda ýerleşdirilen halkymyzyň döreden milli gymmatlyklary, baý taryhy barada durmuşa geçirilen ylmy, filosofik, çeper mazmunly işler baradaky ylmy garaýyşlar ähli halkymyz bilen bir hatarda, ýaşlar, galyberse-de, geljekki nesiller üçin gymmatly edebi hazynadyr. Ajaýyp eserleri bilen halkymyzy täze-täze ýeňişlere ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň bu eseri baý durmuş tejribesini özünde jemleýän türkmeniň gadymy taryhynyň özboluşly beýanydyr.

Ýürekler buýsanja beslenýär

Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitaby Watanymyzyň taryhy geçmişini, şu gününi, geljegini beýan etmekde, dünýä halklaryny baý medeniýetimiz, sungatymyz bilen tanyşdyrmakda örän ähmiýetlidir. Gahryman Arkadagymyz täze kitabynda türkmen taryhy barada täzeçil ylmy garaýyşlaryny beýan edýär. Bu kitabyň Magtymguly Pyragynyň şanly ýubileý ýylynda halkymyza gowuşmagy çuňňur mana eýedir. Kitapda milli mirasymyz hem-de medeni gymmatlyklarymyz dogrusynda çuň manyly söhbet edilýär. Täze kitap geçmişiň beýikligini şu günüň bedew batly ösüşi bilen baglanyşdyrýar. «Hakyda göwheri» atly kitap bagtyýar ýaş nesillerimizi ruhy hem-de ahlak taýdan terbiýelemekde, olarda halkymyzyň taryhy-medeni gymmatlyklaryna çäksiz buýsanç duýgusyny döretmekde ähmiýetli gollanmadyr. Ajaýyp kitap halkymyzyň milli mirasyny çeper beýan etmekde, ony geljekki nesillere ýetirmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.

Täze ýylyň ýalkymy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şatlyk-şowhuny çar tarapa ýaň salýar. Täze ýyl arçalarynyň owadan bezegleri ýürekleri buýsandyrýar. Dürli görnüşli oýnawaçlardyr çyralar bilen bezelen arça diňe bir çagalaryň däl, ulularyň hem göwünlerini göterýär. Baş arçanyň daşynda körpeler üçin Aýazbabadyr Garpamyk hem-de ertekiler dünýäsiniň gahrymanlary bilen bilelikde şatlanmak has ýakymly. Şu günler ýurdumyzda bosagada duran Täze — 2025-nji ýyly mynasyp garşylamak üçin taýýarlyk işleri batly depginler bilen alnyp barylýar. Tamamlanyp barýan 2024-nji ýyl mähriban Diýarymyz, bagtyýar halkymyz üçin hemmetaraplaýyn üstünlikli, düşümli ýyl boldy. Her bir baýramçylyklarda, şanly senelerde özboluşly toý lybasyna beslenýän ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbinde hem golaýlap gelýän Täze ýyl baýramynyň öwüşgini özboluşly şöhlelenýär. Ak şäherimiziň binagärlik keşbinde ýokary ussatlyk bilen döredilen ajaýyp öwüşginler, «Täze ýylyňyz gutly bolsun!», «2025» ýazgylary bolsa her bir adamda ýakymly täsirleri döredýär, şatlykly pursatlary bagyşlaýar. Täsin görnüşde bezelen dürli öwüşginli yşyklar, baýramçylyk çyralary Täze ýylyň täsirini we joşgunyny has-da artdyrýar.

Baýramçylyk dabaralarynyň şatlyk-şowhuny

Täze ýyl baýramy şatlyk-şowhunyň, ruhubelentligiň, täze arzuw-umytlaryň baýramy hasaplanylýar. Bu baýramçylyga nurana geljegimiziň eýeleri bolan ösüp barýan körpeje ýaş nesillerimiz bilen bir hatarda, islendik ýaşdaky adam hem sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Täze ýyl baýramynyň golaýlap gelýän günlerinde bolsa, bu ajaýyp baýramçylygyň şowhuny has-da artýar. Ine, şeýle ajaýyp günlerde ajaýyp baýramçylyk bolan Täze ýyl mynasybetli ýurdumyzda dürli dabaralar, çäreler, şowhunly konsertler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle dabaralaryň hatarynda paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli guralýan daşary ýurtly belli estrada aýdymçylarynyň konsertlerini görkezmek bolar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Täze ýyly garşylaýan paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin daşary ýurtly sungat ussatlarynyň konsertleriniň geçirilmegi baýramçylygyň şowhunyny artdyrýar. Bu baýramçylyk konsertleri mähriban halkymyzda ýatdan çykmajak ýakymly ýatlamalary galdyrýar hem-de kalplarynda guwanç, buýsanç duýgularyny oýarýar. Ýurdumyzda ýokary ruhubelentlikde geçirilýän şeýle baýramçylyk dabaralarydyr konsertler halkymyzyň agzybirligini, asudalygyny, bagtyýarlygyny alamatlandyryp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň medeniýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmagyna ýakyndan ýardam eder.

Özbaşdak many aňladýan söz toparlaryny öwretmek

Ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek asylly ýörelgelerimizdir. Şunda ene diline bolan sarpany kemala getirmek, nusgawy edebiýatymyzy öwretmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şonuň üçin hem türkmen dili dersi boýunça sapaklarda dilimiziň ylmy esasda öwrenilişi hakynda giňişleýin maglumatlary berýäris. Asyrlardan asyrlara geçip gelen türkmen dilimiz iň bir gadymy dilleriň biri bolup, häzirki döwürde ylmy esasda öwrenilýär, ýaş nesillere ýetirilýär. Şonuň üçin hem her bir sapagy täsirli, döwrebap şertlerden peýdalanyp guraýarys. Munuň özi okuwçylaryň öwrenmäge bolan höwesini artdyrýar. Türkmen dili dersi boýunça guran sapagymda okuwçylara özbaşdak many aňladýan söz toparlary hakynda giňişleýin düşünje berdim. Özbaşdak many aňladýan söz toparlaryna işlikleriň hem degişlidigini, okuw kitabynda bu barada ýörite kesgitlemeleriň berlendigini gürrüň berdim. Şeýlelikde, gymyldy-hereketi aňladýan sözlere işlikler diýilýändigini okuw kitabyndan labyzly okaýarys. Şeýle hem multimedia tagtasynda taýýarlanan slaýd şekillerinden giňişleýin peýdalanýarys. Bu şekillerde türkmen dilinde işlikler hakynda kesgitlemeler ýerleşdirilendir. Şeýle hem slaýdyň dowamynda birnäçe mysallar, sözler getirilýär. Okuwçylar bu mysallary depderlerine ýazyp alýarlar. Bu bolsa olaryň sapaga bolan işjeňligini artdyrýar, geçilýän tema düşünmeklerine oňat täsir edýär.

Okuwçylarda ýagşy häsiýetleri terbiýelemek

Ýaş nesle maşgala mukaddesligini düşündirmek, olara sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, tebigatymyzy we daşky gurşawy aýawly saklamagy öwretmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şol maksat bilen orta mekdeplerde ýaşaýyş-durmuş esaslary dersi boýunça okuwçylara çuňňur bilim we terbiýe berilýär. 4-nji synpda ýaşaýyş-durmuş esaslary dersinden «Ýaşlarda ýagşy häsiýetleri terbiýelemek. Mekdepde özüňi alyp barmagyň düzgünleri» diýen tema boýunça gyzykly sapagy guradym. Sapakda okuwçylaryň ünsüni peýdaly maslahatlara çekdim. Multimedia tagtasynda arassaçylyk kadalaryny dogry berjaý etmegi, ony berkitmegi, öýde, ýolda, mekdepde özüňi alyp barmagyň düzgünlerini, durmuşda gabat geläýjek kynçylykly ýagdaýlardan aljyraman baş alyp çykmagy ündeýän slaýd şekillerini görkezdim. Munuň üsti bilen okuwçylara gündelik durmuşymyzda howpsuzlyk we şahsy arassaçylyk düzgünlerini ýerine ýetirmegiň şertlerini hem düşündirdim.

Asylly ýörelgäniň mekdebi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda ägirt uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz: «Milli bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmekde toplanan ägirt uly tejribelerimizden ugur alyp, bu gün ýaş nesilleri terbiýelemek we okatmak babatda uly özgertmeleri üstünlikli amala aşyrýarys» diýip belleýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde watansöýüji, zähmetsöýer, sagdyn, giň ylmy dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmek esasy wezipe bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri, şeýle hem ata-babalarymyzyň beýik işleri, edep-terbiýe, ruhy gymmatlyklar, mukaddes Garaşsyzlygymyz, hemişelik Bitaraplygymyz hakyndaky çuňňur many-mazmuna ýugrulan çykyşlary ýaş nesiller üçin ýol-ýörelge mekdebidir. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserinde ömrüniň manyly menzilleri hakyndaky ýatlamalary, her bir ynsan üçin, galyberse-de, bütin adamzat üçin gymmatly bolan arzuw-umytlary, pikir-garaýyşlary, Watanymyzyň ösüş menzillerini beýan edýär.

Bilim — ösüşleriň binýady

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda bilim syýasaty halkymyzyň ruhy durmuşynyň kämilleşmegine, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sagdyn kemala gelmegine gönükdirilip, döwletimizi ösdürmegiň berk hukuk binýady, kuwwatly hereketlendiriji güýjüdir. Häzirki wagtda milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň kanunçylyk binýadynyň berkidilmegine uly üns berilýär. 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny (rejelenen görnüşi) kabul edildi. Bu Kanun ýurdumyzda bilim ulgamynyň işiniň guralyşyny, bilim babatdaky gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýär. Şeýle-de bilim işini dolandyrmagyň guramaçylyk esaslaryny we döwlet bilim syýasatynyň ýörelgelerini, bu ulgamyň maksatlaryny, ýerine ýetirýän wezipelerini kesgitleýär. Ýurdumyzda beýleki pudaklar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär, bu ugurda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen kanunçylyk namalary işlenip düzüldi we kabul edildi. Şeýle resminamalar milli bilim ulgamynyň hukuk binýadyny has-da berkitdi. Ýurdumyzda okuw möhletiniň dowamlylygy halkara ülňülerine laýyklykda kadalaşdyryldy, mekdebe çenli bilim edaralarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalary täzeden taýýarlanyldy. Şeýlelikde, özgertmeleriň netijesinde mekdebe çenli çagalar edaralar

Öwüt-ündew çyragy

Umumybilim berýän orta mekdeplerde zähmet çekýän ähli mugallymlaryň öňünde bilim-terbiýeçilik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, okuwçylara döwrebap bilim-terbiýe bermek wezipesi durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik akyldar şahyrymyza goýýan belent sarpasy, döredijiligine berýän ýokary bahasy netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymgulynyň eserlerini çap etmek, döredijiligini dünýä ýaýmak boýunça örän köp işler edilýär. Nusgawy şahyrymyzyň edebi mirasyny öwretmek boýunça ýurdumyzyň bilim ojaklarynda-da giň gerimli işler alnyp barylýar. Sapakda dürli görnüşli terbiýeçilik çärelerini gurap, şahyryň şygyrlaryndaky türkmen halkynyň edim-gylymlarynyň, milli häsiýetleriniň durmuş keşbini okuwçylaryma düşündirýärin.

Bagtyýarlygyň çeşmesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, halkara guramalar bilen bu ugurda hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda ýurdumyzda giň gerimli çäreler amala aşyrylýar. Eziz Diýarymyzda ilatyň saglygyny goramaga, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga hem-de jemgyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasaty işjeň durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy boýunça toplumlaýyn işler ýerine ýetirilip, guwandyryjy netijeler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan beýik işlerini mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň saglygy we abadançylygy ähli zatdan ileri tutulyp, her bir raýatyň saglygynyň goraglylygyny güýçlendirmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak babatda dünýä nusgalyk işler amala aşyrylýar. Alym Arkadagymyzyň keremli topragymyzda ösýän ösümlikleriň ynsan saglygyna peýdaly melhemlik häsiýetleri barada giňişleýin maglumat berýän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplary diňe bir lukmanlaryň ýankitaby bolman, eýsem, halk köpçüligi üçin hem gymmatly gollanma öwrüldi. Bu ajaýyp kitaplar ata-babalarymyzyň asyrlarboýy kämilleşdirip, türkm

Usulyýeti kämilleşdirmegiň möhüm ugry

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde 2024—2025-nji okuw ýylynyň birinji ýarymýyllygy boýunça mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem birnäçe okuw-terbiýeçilik, usulyýet-guramaçylyk işleri ýerine ýetirildi. Konsepsiýanyň maksatlaryny we wezipelerini durmuşa geçirmekde biz hem çagalar bakja-bagymyzda meýilnamalaýyn işleri alyp barýarys. Rus dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen çagalar bakja-bagymyzda çagalaryň umumy hereketiniň, medeni we arassaçylyk endikleriniň sazlaşykly ösüşini gazanmakda netijeli işleri alyp barýarys. Terbiýe we bilim bermek işine öňdebaryjy innowasion çemeleşmeleri giňden ornaşdyrmak, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryna esaslanyp, okuw sapaklaryny dünýä tejribesine laýyklykda guramak dowam etdirilýär.

Köňülleriň aýdymy

Dagyň çuň jülgesinde,Gür bagyň kölgesinde,Men şadyýan hiňlenip,Aýdym aýdyp ýaýnaýan. Elimde gül göterip,Watan waspyn ýetirip,Şirin mukam getirip, Bilbiller şat saýraýar.

Buýsançnama

Synlap gül jemalyň, didelem doýmaz,Ylham joşa gelýär, erkime goýmaz,Ýürek asla özge mekany söýmez,Bagt daňy atany — Türkmenistanym! Söýmedik ýok baharyňy, gyşyňy,Bugdaý nanyň, semeni deý aşyňy,Mukaddes topragňa goýup başyny,Ärleriň mekany — Türkmenistanym!

Säher

Ýagtyltdy ýakyn-daşlary,Täze Günüň nur jemaly.Oýardy saýrak guşlary,Säheriň sergin şemaly. Gündogaryň al şapagy,Göýä, owadan bir haly.Darap geçýär giň jahany,Säheriň sergin şemaly.

Döredijilik duşuşygy

Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylyň 25-nji maýynda gol çeken Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Okuwçylaryň ukyplaryny we zehinlerini ösdürmek maksady bilen yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Geçirilýän şeýle çäreler özüniň ajaýyp miwelerini hem berýär. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň döredijilik işgärleri bilen ýaşlaryň arasynda geçirilýän edebi-döredijilik agşamlary, duşuşyklar möhüm ähmiýete eýedir. Baý röwüşe, many-mazmuna eýe bolýan duşuşyklar, edebi-döredijilik agşamlary ösüp gelýän nesliň okamaga bolan höwesini artdyrmak bilen bir hatarda, okuwçylaryň döredijilik dünýäsine gadam basmaklaryna, medeniýetiň we sungatyň dürli ugurlarynda öz ukyp-başarnyklaryny, mümkinçiliklerini synap görmeklerine itergi berýär. Olaryň dowamynda mekdep okuwçylary okuw derslerinde alan bilimlerini has-da ösdürýärler, özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap alýarlar, ýazyjy – şahyrlaryň ömür we döredijilik ýoly bilen ýakyndan tanyşýarlar. Döredijilik wekilleriniň berýän gürrüňleriniň täsiri bilen okamaga, bilim almaga has-da höwesli çemeleşýärler. Şunda ýaş nesliň kalbynda döredijilik başlangyçlary şineleýär.Ýakynda mekdebimizde «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» ady bilen döredijilik duşuşygy ge

Saglyk — baş baýlyk

Gyş paslynda howanyň sowamagy sebäpli, islendik keselden, şol sanda ýiti respirator keselinden goranmak örän möhümdir. Möwsümleýin döreýän ýiti respirator keselleri bilen ähli ýaşdaky adamlar, esasan hem, kiçi ýaşly çagalar köp keselleýär. Kesel syrkawdan sagdyn adama howa-damja ýoly bilen ýokuşýar hem-de birmeňzeş kliniki alamatlary, ýagny gyzdyrma, üşütme, burun dykylma, kellagyry, ysgynsyzlyk ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar. Kesel ýokuşandan soň birnäçe sagatdan 2 güne çenli wagt aralygynda ýiti başlaýar. Adatça, syrkaw birdenkä üşüdip ugraýar, ysgyndan gaçýar, gyzdyrýar. Bedeniniň temperaturasy ýokarlanýar. Şeýle ýagdaýda oňa özbaşdak antibiotik derman serişdeleri bermekden saklanmaly, maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, onuň bellän bejergisini almaly. Möwsümleýin döreýän kesellerden goranmak, keseliň öňüni almak hökmandyr. Adamlaryň köp üýşýän ýerlerine barmakdan gaça durmaly. Hemişe ýanyňda çygly süpürgiçleri saklamaly. Wirusyň eller arkaly ýokuşmak howpy döredýän ýagdaýlarda elleriňi çygly süpürgiç bilen süpürmeli. Ýaşaýan jaýyň otaglaryny her gün 3-4 gezek ýelejiredip, çygly esgi bilen arassalap durmaly. Oksolin melhemini burun boşlugyna çalmaly. Sebäbi burnuň nemli gatlagy gurak bolanda, ýerli immunitet peselýär we wiruslaryň bedene aralaşmagy üçin oňaýly şertler döreýär. Keselden goranmak üçin lukman bilen maslahatlaşmaly. Her ýylyň güýz, gyş paslynda ýaýramagy müm

Türkmenistan — Malaýziýa: dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

19-njy dekabrda Malaýziýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda gepleşikler geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň Malaýziýa resmi saparyna ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açýan tapgyr hökmünde aýratyn ähmiýet berildi. Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek nukdaýnazaryndan, Türkmenistan Malaýziýa bilen däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar. Şunda söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklar oňyn ösüş depgini bilen häsiýetlendirilýär. Sebitiň okgunly ösýän döwletleriniň hataryna girýän Malaýziýa Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda çäkli düzümdäki gepleşikler geçirildi. Dostlukly ýurduň Hökümet Baştutany belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Malaýziýa resmi sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallygyny beýan etdi.