"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Başlangyç synplarda çekimlileri öwretmek

Bilimiň özeni başlangyç synpdan başlanýar. Mugallym öz jogapkärli işinde çagalara çuňňur bilim, asylly terbiýe bermek üçin çalyşmalydyr. Ýaş nesliň döwrüň talaplaryna laýyk bilim we terbiýe almagy mugallymlaryň başarnyklaryna hem-de ukyplaryna baglydyr. Şu ýörelgeden ugur alyp, her bir temany çagalaryň aňly-düşünjeli özleşdirip bilmekleri üçin işimizi göwnejaý guramaga çalyşýarys. Çagalaryň sapaga işeňňir gatnaşmagyny gazanmak onuň täsirli guralyşyna baglydyr. Çekimliler umumy orta bilim berýän mekdepleriň 2-nji synplarynyň türkmen dili sapaklarynda öwredilýär. Bu temalary oňat özleşdirmegiň çagalaryň ýazuw kadalaryny aňly-düşünjeli öwrenmekleri üçin uly ähmiýeti bar.

Akyldar şahyryň edebi mirasy

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň göz-guwanjy, joşgunly we şirin zybanly waspçysy, halkynyň asuda, parahat ýaşamagyny arzuwlan şahyr. Onuň goşgulary nesillerde watansöýüjiligi, ynsanperwerligi terbiýelemekde gymmatly ruhy hazynadyr. Şahyryň döredijiligi türkmen edebiýatynyň müň öwüşginli almaz täjidir. Ol manyly ömrüni, joşgunly zehinini mähriban halkyna bagyş eden, öz il-ýurduny tüýs ýürekden söýen watançy şahyrdyr. Dana şahyryň döredijiligi filosofik nukdaýnazardan hem durmuş hakykatyny özünde jemläp, hemişe adamlary ýagşylyga, agzybirlige, erkinlige çagyrýar. Onuň şygryýeti halkyň ykbalyny, watançylygyny hem gahrymançylygyny, milli mertebesini, ruhy dünýäsini, paýhas joşgunyny öz içine alýar. Akyldaryň ynsan kalbynda inçe duýgulary oýarýan şygryýet dünýäsi türkmen jemgyýetiniň şu günki we geljekki nesilleriniň ruhy kämilligini, sagdynlygyny üpjün edýän ýörelgelerimiziň binýadydyr. Magtymguly Pyragy agzybirlik, garaşsyzlyk, özbaşdak döwlet gurmak ýaly beýik maksatlara öz döredijiligi bilen gulluk eden ynsanperwer şahyrdyr. Akyldar şahyryň «Türkmen binasy» goşgusyndaky:

Ylym — köňülleriň çyragy

Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda käbesi Ogulabat ejäniň gymmatly sargytlaryny ýatlaýar: «Ylym ― köňül çyragy. Ol çyraglary öz köňlüňizde hem-de perzentleriňiziň kalbynda başardygyňyzça köp ýakjak boluň! Şonda ykbal ýollaryňyz aýdyň bolar. Kalbyňyzyň şamçyragy güýçli nur saçdygyça, gözýetimiňiz şonça-da uzaklary saýgarar». Ömür ýoluňa şugla saçjak bu pentlerde ylma bolan gadymdan gaýdan hormat-sarpanyň özenini görmek bolýar. Gahryman Arkadagymyz ylym-bilimiň diňe bir maşgalada däl-de, eýsem, tutuş Ýer ýüzünde ynsan köňlüni nurlandyrmagy ugrunda taýsyz tagallalar edýär. Hawa, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň şeýle asylly başlangyçlary esasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilime berilýän üns aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Diýarymyzda ýaş nesliň ýokary derejede, döwrebap bilim almagyny gazanmak ugrunda durmuşa geçirilýän işler özüniň netijeliligi bilen tapawutlanýar. Ýaş alymlaryň, ylmy açyşlaryň, şeýle-de bilim ojaklarynyň sany ýyl-ýyldan artýar. Dünýä ölçeglerine laýyk ösdürilýän bu ulgamda iň kämil hünärmenleri taýýarlamak işi ýokary okuw mekdepleriniň paýyna düşýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 ― 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» öňde goýan wezipelerine laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-barlag institutlarynda, ylmy-tehnologik he

Garaşsyz Watan

Köňül buýsanjymsyň, asuda ülkäm, Gutly bolsun toýuň, Garaşsyz Watan!Erkinlik içinde göwünler galkar,Gutly bolsun toýuň, Garaşsyz Watan! Aýlar-ýyllar bize bagty getirdi,Bagtly günler ak daňlara atardy,Başymyzy arşa sary ýetirdi,Gutly bolsun toýuň, Garaşsyz Watan!

Magtymguly Pyragy

Şygyrlaryň bütin dünýäni gezer,Söz ussady Magtymguly Pyragy.Paýhas gämisini şygyrlaň bezär,Söz ussady Magtymguly Pyragy. Il-ýurt, Watan hakda şygyrlar ýazdyň,Bütin Ýer ýüzüni aýlanyp gezdiň,Paýhas ummanyny çuň boýlap ýüzdüň,Söz ussady Magtymguly Pyragy.

Kämil ýaşlar kemala gelýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge, hünär taýdan kämil, watansöýüji, ilhalar ýaşlary terbiýelemäge uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamynda döwrebap işler durmuşa geçirilýär. Milli ýörelgelerimizden, dünýä tejribesinden ugur alyp, bilim berlişini kämilleşdirmekde, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakda, usulyýeti ösdürmekde, aýratyn zehinli çagalary ýüze çykarmakda we olara dünýä dilleriniň öwredilişini mundan beýläk-de gowulandyrmakda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.

Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy

Jemgyýetimiziň baş baýlygy bolan adam hakyndaky aladany ähli zatdan ileri tutýan hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky beýik işleri halkymyzyň saglygyny, rahatlygyny kepillendirýär. Her ýylyň 1 — 30-njy sentýabry aralygynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» diýen at bilen biraýlyk geçirilýär. Bu biraýlygyň dowamynda geçirilýän çäreler ýurdumyzda ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi netijesinde ilatyň saglygyny goramaga, şikesler sebäpli döreýän keselleriň we maýyplygyň öňüni almaga gönükdirilendir. Ýurdumyzda döwrebap ýaşaýyş jaýlary, täze etraplar, şäherçeler we ähli amatlyklary bolan awtomobil ýollary, köprüler yzygiderli gurulýar. Ýollaryň ugrunda döwrebap duralgalaryň, ýerasty, ýerüsti geçelgeleriň, hereketiň kadaly ýola goýulmagyna mümkinçilik berýän ýolyşyklaryň we beýleki degişli belgileriň bolmagy sürüjilere we pyýadalara hereket etmekde ähli mümkinçilikleri we amatly şertleri döredýär. Ýol hereketiniň asudalygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek, agyr ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ilkinji nobatda, herekete gatnaşyjylaryň ýol hereketiniň kadalaryny dogry berjaý edişine baglydyr.

Belent özgertmeler rowaçlanýar

6-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, döwlet durmuşynyň dürli ulgamlaryny hukuk taýdan kadalaşdyrmaga gönükdirilen kanunlaryň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylyşy barada maglumat berdi. Hususan-da, iş toparlarynda Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine, «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna, «Awtomobil ulagy hakynda», «Adalatçy hakynda», «Döwlet gullugy hakynda» Kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda degişli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.

Watanymyzyň asudalygy — halkymyzyň bagtyýarlygy

4-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Gün tertibine Garaşsyz Türkmenistanda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler hem girizildi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew şu ýylyň başyndan bäri Milli goşunymyzyň bölümlerinde alnyp barlan işler, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Köňüllerde orun alýan aýdymlar

7-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaşlaryň zehinlerini ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşik uly joşguna beslendi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň guramagynda geçirilen bäsleşik tomaşaçylarda baýramçylyk ruhuny döretdi. Ýurdumyzyň zehinli ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen jemleýji bäsleşik olaryň döredijilik mümkinçiliklerini açmaga, milli aýdym-saz sungatymyzy belende götermäge hemaýat etdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Gutlagynda şeýle bellenilýär: «Milli sungatymyzyň aýrylmaz bölegi bolan aýdym-sazlarymyz ynsan kalbynda ýagşylyklary, Watana söýgini kemala getirmegiň özboluşly mekdebine öwrülipdir. Häzirki döwürde türkmen aýdym-saz sungatyny ösdürmek, kämil eserler bilen baýlaşdyrmak, zehinli aýdymçy ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, ýurdumyzda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirýäris».

Bagtyýar çagalaryň ýürek joşguny

Ahal welaýatynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly çagalaryň döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi. «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň çäklerinde guralýan Türkmenistanyň zehinli çagalarynyň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna onuň welaýat we Aşgabat, Arkadag şäherleri boýunça geçirilen tapgyrlarynda ýeňiji bolan çagalar gatnaşdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe röwşen geljegimiz bolan ýaş nesillere döwrebap bilim we terbiýe bermek, olaryň döredijilik ukyp-başarnyklaryny ösdürmek, gözýetimlerini giňeltmek we olary hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen şahsyýet hökmünde kemala getirmek babatda nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen ýylda Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň çäklerinde guralýan «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň geçirilmegi hem bu ugurda alnyp barylýan beýik işleriň aýdyň subutnamasydyr.

Halk Maslahaty — agzybirligiň berk binýady

Şu günler ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm waka — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine uly taýýarlyk görülýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti barada geçirilýän wagyz-nesihat çärelerinde we duşuşyklarda bagtyýar raýatlarymyzyň Diýarymyzyň geljekki ösüşlerini kesgitlejek bu uly waka sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklary beýan edilýär. Her bir güni şanly wakalara beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybir hem jebis türkmen halky mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyna uly zähmet üstünlikleri bilen barýar. Şöhratly taryhy bolan halkymyz ähli zamanlarda-da il ýurt bähbitli meseleleri dana ýaşulularyň gatnaşmagynda agzybirlikde geňeş edip çözüpdirler, halkyň, döwletiň meselelerini ara alyp maslahatlaşypdyrlar. Bu ýörelgäniň ajaýyp döwrümizde has-da rowaçlanýandygy buýsanjymyzy artdyrýar.

Garaşsyzlyk — eziz Diýaryň ösüşli ýoly

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan baky bagtyýarlygyň mekanyna, arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna öwrüldi. Garaşsyzlyk bilen galkynan Diýarymyzda taryh üçin gysga wagtyň içinde asyrlara barabar işler amala aşyryldy. Bu gün ýurdumyzda syýasy, ykdysady we medeni-durmuş ugurlarda uly öňegidişlikler gazanylýar. Umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürýän hem-de ynsanperwer ýörelgeleri rowaçlandyrýan döwlet hökmünde eziz Watanymyzyň abraýy dünýä dolýar. Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuwlan berkarar döwletinde her bir gün, her bir aý şan-şöhrata, taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär. Bu wakalar Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly ilerleýändigini, halkara abraýynyň ýokarlanýandygyny, alyp barýan daşary we içeri syýasatynyň dünýä jemgyýetçiliginde gyzgyn goldaw tapýandygyny görkezýär. Ýurdumyz dünýäde parahatçylygyň mekany hökmünde giňden tanalýar. Munuň özi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesinden gözbaş alýar.

Baky bagtyň şuglasy

Garaşsyzlyk — beýik ösüşler bilen öňe barýan halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň gözbaşydyr. Häzirki günlerde beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyna barýarys, bu baýram mynasybetli guralýan dabaralar ýürekleri joşdurýar. Halkymyz mukaddeslik baýramyna toý sowgatlary bilen barýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda asyrlara barabar işler amal edildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşleriň belent derejelerine eýe boldy. Ýurdumyzy ähli tarapdan ösdürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda belent sepgitlere ýetildi. Täze kärhanalaryň ulanylmaga berilmegi, bar bolanlarynyň durkunyň täzelenmegi, önümçilik kuwwatynyň ýokarlandyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrdy. Munuň özi döwletimiziň dünýädäki abraý-mertebesiniň beýgelmegine getirdi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli ykdysadyýetimiz ösdürilýär, dürli ulgamlarda döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Hut şonuň üçin hem häzirki ajaýyp döwürde bilim-terbiýe alýan, hünär öwrenýän ýaşlaryň Garaşsyzlyga guwanjy hem buýsanjy çäksizdir. Olaryň dünýä derejesinde bilim almaklary, hünär öwrenmekleri, Garaşsyz Watanymyza wepaly nesiller bolup ýetişmekleri barada döwlet derejesinde aladalar edilýär. Ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özleri baradaky edilýän aladalara oňat düşünip, d

Bilimli nesil — röwşen geljek

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy maksatnamalaýyn işleriň aýdyň beýanydyr. Munuň özi bilim ulgamynyň has-da kämilleşmegini, onuň mazmun taýdan baýlaşmagyny, nurana geljegimiz bolan ýaş nesliň dünýä ülňülerine laýyklykda bilim-sowat almagyny üpjün edýär. Golaýda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň hünär bilimi edaralarynda okaýanlaryň daşary ýurt dillerini özleşdiriş derejesini bahalandyrmagyň netijeleri boýunça «Daşary ýurt dilleri okatmagy mundan beýläkde kämilleşdirmegiň esasy ugurlary» atly usulyýet maslahaty geçirildi. Maslahatda daşary ýurt dillerini öwretmegi has-da kämilleşdirmek boýunça birnäçe çykyşlar edildi. Şol çykyşlaryň birnäçesini okyjylara ýetirmegi makul bildik. Selbi BATYROWA,Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ylmy işler boýunça prorektory:

Şanly wakalara buýsanç

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň ahlak terbiýeli, döwrebap aň-düşünjeli, ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarmaga ukyply adamlar bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde döwrebap kompýuterler, multimedialar, tehniki serişdeleridir okuw-görkezme esbaplary bilen üpjün edilen mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli ýaşlara döwrebap bilim babatdaky işler giň gerim bilen dowam etdirilýär. Ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertleri döretmek parahatçylyk, döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Muňa 1-nji sentýabrda — Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşýan täze desgalaryň açylyş dabaralary aýdyň şaýatlyk edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze, ak mermerli binalar toplumynyň açylyşy özüniň şatlykly-şowhunly dabaralary bilen bizde ýatdan çykmajak täsirleri galdyr

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda ylmy we bilimi düýpli ösdürmek, onuň gazananlaryny milli ykdysadyýetde netijeli ulanmak, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ösdürmek ýaly möhüm meseleler ileri tutulýan ugurlaryň hataryna çykaryldy. Bilim ulgamyndaky öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagyny şertlendirdi. Döwrüň talap edýän ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak wezipesi häzirki zaman bilim ulgamyny mundan beýläk-de özgertmegiň esasy ugry bolup durýar. Ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň elektron kitaphana gorunda professor-mugallymlaryň okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň nusgalary hünärmenler tarapyndan elektron maglumat görnüşine geçirilýär we ol maglumatlar gory yzygiderli baýlaşdyrylýar. Bularyň ählisi okamaga höwesli her bir raýat üçin giň mümkinçilikleri döredýär we bilim bermegiň hilini döwrebap derejä çykarýar. Bäsdeşlige ukyplylyk, innowasiýalar, täze iş orunlarynyň döredilmegi köp babatda tehnologiýalaşdyrmak işleriniň depgini bilen kesgitlenilýär. Beýik maksatlar rowaçlyklara, uly üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki döwürdäki batly gadamlary Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini, şan-şöhratyny artdyrmak bilen bir hatarda, ösüşiň türkmen ýoluny hem-de onuň rowaçlygyny äleme äşgär etdi. Sanly ulgama geçmegiň netijesinde döredilýän amatlyklaryň gi

Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Çagalar bilen işlemegiň netijeli ugurlary Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeler bilen işlemek terbiýeçilerden ýeňil bolmadyk zähmeti talap edýär. Çagalar bagyna ýaňy gatnap başlan körpäni bu ýere uýgunlaşdyrmak, gyzyklandyrmak, onuň günde höwes bilen gatnamagyny gazanmak, elbetde, terbiýeçiniň tagallasyna we tejribesine bagly ýagdaýdyr. Mekdebe taýýarlaýyş toparlarynda çaganyň sapaklara üns bermegini gazanmaly. Bu döwür çaganyň oýunlarynyň azalyp, köp pikirlenip, akyl zähmeti bilen işlemegini talap edýär. Terbiýeçi sapaklaryň arasynda dynç alyş üçin çagalara sada oýunlary, hereketli maşklary ýerine ýetirdip, ýeňillik döredip biler. Şol pursatlar hem çaga üçin dynç almaga mümkinçilik berýär. Çagalar bagynda körpelere ähli sapaklar boýunça ilkinji düşünjeler öwredilýär. Bu bolsa çaganyň başlangyç synplarda has hem gowy okamagyna getirýär.

Rysgal-berekediň gözbaşy

Hormatly Prezidentimiz 30-njy awgustda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde gallaçy daýhanlarymyz üçin örän möhüm we jogapkärli möwsüm bolan bugdaý ekişiniň ýetip gelendigine, bu möwsümi agrotehniki möhletlerde guramaçylykly geçirmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň welaýatlarynda 4-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge ak pata berdi. Şunuň bilen baglylykda, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Golaýda Balkan welaýatynda bugdaý ekişine girişmeklige bagyşlanyp maslahat geçirildi. Soňra Gyzylarbat etrabynyň «Batly mülkdar» daýhan hojalygynyň bereketli ekin meýdanynda bugdaý ekişine badalga berilmegi mynasybetli dabara giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Dabaranyň geçýän ýeri baýramçylyk keşbine beslendi. Bugdaý ekişine başlanmagy mynasybetli guralan dabara gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Bu ýerdäki ajaýyp sahnada tanymal bagşy-sazandalaryň şirin aýdym-sazlary, welaýat döwlet drama teatrynyň sahna ussatlarynyň çykyşlary dabara ýygnananlaryň göwünlerini galkyndyrdy.

Zähmeti görelde mugallym

(Oçerk) Sözbaşynyň beýle goýulmagynyň «syry» bar. «Mekdepde Mesne mugallym okadan bolsa, ol okuwçy ökdedir». Soňam onuň bilen işleşenler, ony halypa saýýanlar sözlerini şeýle jemleýärler: «Zähmeti göreldedi, tejribelidi». Ine, onuň ömür ýoluna berilýän gysgaça kesgitleme şeýle. Şol gysgadan buýsançly jümleleriň aňyrsyndan bolsa, ykbalyň çyn mazmuny — mugallymçylyga bagyşlanan ömür ýoly uzap gidýär. Ol ýol yzarlap otursaň, ýarym asyrdanam aşyberýär.