Garaşsyzlyk — eziz Diýaryň ösüşli ýoly

8 Sentýabr 2024
172

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan baky bagtyýarlygyň mekanyna, arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna öwrüldi. Garaşsyzlyk bilen galkynan Diýarymyzda taryh üçin gysga wagtyň içinde asyrlara barabar işler amala aşyryldy. Bu gün ýurdumyzda syýasy, ykdysady we medeni-durmuş ugurlarda uly öňegidişlikler gazanylýar. Umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürýän hem-de ynsanperwer ýörelgeleri rowaçlandyrýan döwlet hökmünde eziz Watanymyzyň abraýy dünýä dolýar.

Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuwlan berkarar döwletinde her bir gün, her bir aý şan-şöhrata, taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär. Bu wakalar Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly ilerleýändigini, halkara abraýynyň ýokarlanýandygyny, alyp barýan daşary we içeri syýasatynyň dünýä jemgyýetçiliginde gyzgyn goldaw tapýandygyny görkezýär. Ýurdumyz dünýäde parahatçylygyň mekany hökmünde giňden tanalýar. Munuň özi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesinden gözbaş alýar.

Jennet REPOWA,
Aşgabat şäherindäki tebigy ugurly okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 144-nji orta mekdebiň müdiri.
Beýleki habarlar