Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

8 Sentýabr 2024
216

Çagalar bilen işlemegiň netijeli ugurlary

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeler bilen işlemek terbiýeçilerden ýeňil bolmadyk zähmeti talap edýär. Çagalar bagyna ýaňy gatnap başlan körpäni bu ýere uýgunlaşdyrmak, gyzyklandyrmak, onuň günde höwes bilen gatnamagyny gazanmak, elbetde, terbiýeçiniň tagallasyna we tejribesine bagly ýagdaýdyr. Mekdebe taýýarlaýyş toparlarynda çaganyň sapaklara üns bermegini gazanmaly. Bu döwür çaganyň oýunlarynyň azalyp, köp pikirlenip, akyl zähmeti bilen işlemegini talap edýär. Terbiýeçi sapaklaryň arasynda dynç alyş üçin çagalara sada oýunlary, hereketli maşklary ýerine ýetirdip, ýeňillik döredip biler. Şol pursatlar hem çaga üçin dynç almaga mümkinçilik berýär. Çagalar bagynda körpelere ähli sapaklar boýunça ilkinji düşünjeler öwredilýär. Bu bolsa çaganyň başlangyç synplarda has hem gowy okamagyna getirýär.

Beýleki habarlar