Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

8 Sentýabr 2024
182

Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda ylmy we bilimi düýpli ösdürmek, onuň gazananlaryny milli ykdysadyýetde netijeli ulanmak, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ösdürmek ýaly möhüm meseleler ileri tutulýan ugurlaryň hataryna çykaryldy. Bilim ulgamyndaky öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagyny şertlendirdi. Döwrüň talap edýän ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak wezipesi häzirki zaman bilim ulgamyny mundan beýläk-de özgertmegiň esasy ugry bolup durýar. Ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň elektron kitaphana gorunda professor-mugallymlaryň okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň nusgalary hünärmenler tarapyndan elektron maglumat görnüşine geçirilýär we ol maglumatlar gory yzygiderli baýlaşdyrylýar. Bularyň ählisi okamaga höwesli her bir raýat üçin giň mümkinçilikleri döredýär we bilim bermegiň hilini döwrebap derejä çykarýar.

Bäsdeşlige ukyplylyk, innowasiýalar, täze iş orunlarynyň döredilmegi köp babatda tehnologiýalaşdyrmak işleriniň depgini bilen kesgitlenilýär. Beýik maksatlar rowaçlyklara, uly üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki döwürdäki batly gadamlary Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini, şan-şöhratyny artdyrmak bilen bir hatarda, ösüşiň türkmen ýoluny hem-de onuň rowaçlygyny äleme äşgär etdi. Sanly ulgama geçmegiň netijesinde döredilýän amatlyklaryň giň gerimli bolmagy hususy işewürligi ýola goýmaga we ösdürmäge ýardam edýär. Daşary ýurtlarda, dünýäniň islendik sebitindäki işewür hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär. Ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly pudaklary, elektron senagaty ösdürmäge kuwwatly itergi berildi. Türkmen hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan täze, sanly önümleriň durmuşda giňden ulanylýandygy bellärliklidir. Jemgyýetiň kämil gurluşynyň kemala getirilmegi üçin alnyp barylýan il-ýurt, umumadamzat bähbitli işler, tutuş sebitiň ösüşine itergi berýän beýik başlangyçlar halkymyzda hormatly Prezidentimize bolan buýsanjy, döredijilikli zähmete bolan hyjuwy has-da artdyrdy. Belent maksatlaryň dabaralanmagy bilen kemala gelýän kämil derejeli durmuş ulgamy halkymyzyň ýaşaýşa bolan höwesini, ýaş nesilleriň bilim almaga, hünärleri özleşdirmäge bolan hyjuwyny has-da ýokarlandyrdy.

Merdan ORAZMEREDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.
Beýleki habarlar