Köňüllerde orun alýan aýdymlar

8 Sentýabr 2024
150

7-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaşlaryň zehinlerini ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşik uly joşguna beslendi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň guramagynda geçirilen bäsleşik tomaşaçylarda baýramçylyk ruhuny döretdi. Ýurdumyzyň zehinli ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen jemleýji bäsleşik olaryň döredijilik mümkinçiliklerini açmaga, milli aýdym-saz sungatymyzy belende götermäge hemaýat etdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Gutlagynda şeýle bellenilýär: «Milli sungatymyzyň aýrylmaz bölegi bolan aýdym-sazlarymyz ynsan kalbynda ýagşylyklary, Watana söýgini kemala getirmegiň özboluşly mekdebine öwrülipdir. Häzirki döwürde türkmen aýdym-saz sungatyny ösdürmek, kämil eserler bilen baýlaşdyrmak, zehinli aýdymçy ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, ýurdumyzda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirýäris».

«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar