Tagallalar jem bolanda

14 Iýun 2023
313

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe başy başlanan beýik işler, durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler bu gün oňyn netijelere eýe bolýar. Ykbal özgerdiji bu beýik işler bolsa halkymyzyň we ýurdumyzyň durmuşynda ägirt uly ähmiýete eýe bolup, zähmetkeş halkymyzyň buýsanjyny belende göterýär.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem oba hojalygynda ýeňişli sepgitleri nazarlaýan kärendeçi ýer eýeleri arman-ýadaman gujurly zähmet çekýärler. Welaýatymyzda häzirki günler galla oragy gyzgalaňly dowam edip, möwsümde işledilýän kombaýnlar, bugdaý daşaýan awtoulaglar, galla kabul ediş bölümleri dyngysyz işleýärler. Orakdan boşan meýdanlarda sürüm işleri ýokary hilli geçirilýär.