Ähli düzümler sazlaşykly işledilmelidir

17 Iýun 2023
305

12-nji iýunda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler. Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynda hem ýurdumyzda dowam edýän oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berlip, onuň dowamynda bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlarda gallaçy daýhanlarymyz tarapyndan ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler dowam etdirilýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerini öz wagtynda geçirmek, ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak, sürümde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek ugrunda zerur çäreler görülýär.

"Nesil".