Daý­han mert — ýer jo­mart

18 Iýun 2023
560

Türk­men top­ra­gy — be­re­ket­li top­rak. Mun­da ön­ýän önüm­ler sa­çak­la­ry­my­zy süý­ji nyg­mat­lar bi­len dol­dur­ýar. Daý­han­la­ryň maň­laý de­ri bi­len ýe­tiş­di­ren bol ha­sy­ly — hal­kyň rys­ga­ly, baý­ly­gy, toý sa­çak­la­ry­my­zyň be­ze­gi. Bug­daý sö­zü­niň özün­de mu­kad­des­lik jem­le­nen­dir. Mu­ny onuň bi­len bag­ly dö­re­di­len na­kyl­lar, aýt­gy­lar, ro­wa­ýat­lar hem su­but ed­ýär. «Bug­daý na­nyň bol­ma­sa, bug­daý sö­züň ýok­mu­dy», «Bug­da­ýy bol­ma­dy­gyň, ýag­da­ýy bol­maz» ýa­ly çuň ma­ny­ly ata­lar söz­le­ri­ni hal­ky­myz ýö­ne ýe­re dö­re­den däl­dir. «Daý­han­dan he­re­ket — ýer­den be­re­ket» diý­li­şi ýa­ly, bu ýyl hem bug­daý ha­sy­ly be­re­ket­li bol­dy. Ak bug­da­ýyň me­ka­ny ha­sap­lan­ýan Ak ­bug­daý et­ra­by­nyň daý­han­la­ry hem şu ýyl bug­da­ýyň bol ha­sy­ly­ny ýe­tiş­dir­di­ler. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz «Bug­daý­ly» daý­han bir­le­şi­gi­ne ba­ryp, kä­ren­de­çi­le­riň ýe­tiş­di­ren bug­daý ha­sy­ly­ny syn­la­dy. Kä­ren­de­çi Ç.An­na­ýew bi­len bug­da­ýyň dür­li gör­nüş­le­ri, ola­ryň ha­syl­ly­ly­gy ba­ra­da söh­bet­deş bol­dy. Bug­daý ora­gy­nyň dep­gi­ni bi­len gy­zyk­lan­dy. Bu gör­nüş­le­ri syn­la­mak biz­de ýa­kym­ly duý­gu­la­ry dö­ret­di.

Bi­ziň maş­ga­la­myz hem daý­han­çy­lyk bi­len iş sa­lyş­ýar. Ogul­la­rym ene top­ra­ga hyz­mat edip, bug­da­ýyň bol ha­sy­ly­ny ýe­tiş­dir­di­ler. Olar bug­da­ýyň ýo­ka­ry hil­li gör­nü­şi­ni ekip, bug­daý ha­sy­ly­ny gal­la har­ma­ny­na tab­şyr­dy­lar. Gö­zü­ňi do­kun­dyr­ýan bug­daý ha­sy­ly­ny gö­rüp, be­gen­ji­mi­ziň çä­gi bol­ma­dy. Dok dä­ne­le­ri ýyg­nap ýö­ren kom­baýn­la­ryň bug­daý da­şa­ýan teh­ni­ka­la­ra guý­ýan pur­sa­dy ene hök­mün­de de­pä­mi gö­ge ýe­tir­di. Men şeý­le mu­kad­des önü­miň ön­dü­ri­li­şi­ne öz ba­la­la­ry­myň go­şan­dy­nyň bar­ly­gy­na gu­wan­ýa­ryn. Ýaý­lyp ýa­tan giň meý­dan­lar­da ön­dü­ril­ýän bol ha­syl ýur­duň baý­ly­gy­dyr.

Aý­na­gö­zel AN­NA­MY­RA­DO­WA,
Ak bugdaý etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň mugallymy.