Daýhan bolmak — uly hormata eýe bolmak

15 Iýun 2023
373

Çary ANNAÝEW,
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Bugdaýly tejribe-tohumçylyk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi:

— Çarşenbe gününiň ir säherinde Gahryman Arkadagymyzyň mübärek gadamynyň kärende ýerime düşmegi, dogrusy, meniň üçin garaşylmadyk waka boldy. Milli Liderimiz altyn başly ak bugdaýly meýdanlarda gyzgalaňly dowam edýän bugdaý oragynyň gidişi bilen tanyşdy, iş-aladalarymyz, zähmet şertlerimiz bilen gyzyklandy. Munuň özi asylly käre bolan höwesimizi, söýgimizi artdyryp, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy.

Ýazga geçiren Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz).