«7/24 tm» № 25 (160) 19.06.2023
Türkmen halkynda «Gallam bar — tyllam bar» diýen paýhasly jümläniň bardygyny hemmämiz bilýäris. Bu jümle galla bolçulygynyň rysgal-berekediň gözbaşydygyny aňladýar. Edermen gallaçylarymyzyň yhlasly zähmeti netijesinde şu ýyl hem bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi.