Orak möwsümi gyzyşýar

19 Iýun 2023
303

Murgap jülgesiniň merdana hasyl ussatlary 170 müň gektarda bugdaý ekip, ak ekiniň bol-bitginli hasylyny ýetişdirdiler. Olar iýun aýynyň başynda bugdaý oragyna girişip, azap siňdirilip ýetişdirilen galla hasylynyň birje dänesini hem yrýa etmän ýygnamagy maksat edindiler. Galla kabul ediş nokatlarynda gözüňi dokundyrýan altynsow bugdaýyň münber-münber harmanlary peýda bolup ugrady.

Hormatly Prezidentimiziň kärendeçilerdir telekeçilere berýän yzygiderli hemaýat-goldawlaryndan ruhlanan ýer eýeleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýunyň belleniljek ýylynda döwlet harmanyna 345 müň tonna guşgursak bugdaý hasylyny tabşyrmak üçin gaýratly zähmet çekýärler. Möwsüme öz wagtynda ykjam taýýarlyk görülmegi, oragy ýokary depginlerde, guramaçylykly alyp barmaga şert döredýär. Häzir welaýatyň bugdaýly meýdanlarynda daşary döwletleriň kuwwatly däne orýan kombaýnlarynyň 500-den gowragy bökdençsiz işledilýär. Sürüjiler özlerine ynanylan 2400-den gowrak awtoulaga ussatlyk bilen erk edip, täze hasyly ammarlara, galla kabul ediş nokatlarydyr elewatorlara daşamakda gaýratlylyk görkezýärler. Hasyly bökdençsiz kabul etmäge, aýawly we talabalaýyk derejede saklamaga giň mümkinçilik berýän galla kabul ediş nokatlarynyň 40-dan gowragynyň, elewatorlaryň 11-siniň, ammarlaryň 45-siniň, bassyrmalaryň 12-siniň işi ýokary derejede ýola goýlupdyr.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz).