Maldarlaryň obasy

19 Iýun 2023
620

Hojambaz etrabynyň Tallymerjen obasy ýurdumyzda ussat maldarlaryň mekany hasaplanýar. Ýakynda bu obada bolanymyzda, ata kesbini dowam etdirýän çopan maşgalalarynyň biri bilen has ýakyndan tanyşmak miýesser etdi. Nepiýewleriň çopan neberesiniň başynda geçen asyryň 50 — 60-njy ýyllarynda çopançylyk edip, soňra çopan taýagyny ogly Rozykula tabşyran Jepbar Nepiýew durýar. Ata ýodasyny yzarlap, ony şeksiz dowam etdiren Rozykuluň özi hem ogly Hoşgeldini tejribeli çopan edip ýetişdirmek bilen, oňa bu käriň inçe syrlaryny birkemsiz öwredipdir. Hut şonuň üçin-de, Hoşgeldi Nepiýewiň çopan topary bu gün ähli meýilnamalaryny birkemsiz berjaý etmek bilen, Tallymerjende iň hormatlanýan topar bolup ýetişdi.

Ol ýaňy elliniň onlugyny ýarpylan bolsa-da, hojalykda köp çopanlaryň halypasy hasaplanýar. Hatda hojalygyň maldarçylyk boýunça hünärmenleri-de käbir meseleler babatda Hoşgeldi bilen maslahatlaşanyny kem görmeýär. Sebäbi onuň bu ugurda baý tejribesi bar. Ol şol tejribesine daýanyp, gyş hernäçe gylyksyz gelse-de, bakýan mallarynyň başyny bitin alyp çykmagy başarýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, çopanyň özüne-de köp peýda getirýär. Sebäbi çopanlara indi öz bakýan sürüsinde hususy malyny bakmaga-da rugsat berildi. Bu oňyn ýagdaý çopan-çoluklarda uly gyzyklanma döretdi. Olar indi gyş üçin ot-iým taýýarlamaly ýa-da agyl-kaşarlary abatlamaly bolsa-da, bu işe öz maşgala agzalary bilen içgin girişiberýärler. Hoşgeldiniň maşgalasy bilen tanşyp oturyşyma, uly ogly Methun ýaňy 25 ýaşan bolsa-da, eýýäm onuň baş çopanyň wezipesini ýerine ýetirýändigine guwandym. Muny aňan Hoşgeldiniň özi söhbedimize goşuldy:

Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz).