Bereket bolçulygy daýhan yhlasyndan döreýär

17 Iýun 2023
282

13-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň günbatar sebitine iş saparyny amala aşyryp, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de galla oragynyň depgini bilen tanyşdy.

Ir bilen döwlet Baştutanymyzyň dikuçary paýtagtymyzdan ugur alyp, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky «Batly-Gadam» hususy kärhanasynyň bugdaý meýdanynyň ýanyna gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer we welaýatyň häkimi mähirli garşyladylar. Döwlet Baştutanymyz daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen, gözüňi dokundyrýan bugdaý başlarynyň tolkun atýan meýdanlaryny synlady.

"Nesil".