"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Gowaçalara göwnejaý ideg edilýär

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Köneürgenç etrabynyň «Derýalyk» daýhan birleşiginiň daýhanlary 1 müň gektar meýdana gowaça ekip, şondan 1 müň 990 tonna «ak altyn» hasylyny almagy meýilleşdirýärler. Asylly maksady ýörelge edinýän hojalygyň kärendeçileri şu günler gowaçalara ähli agrotehniki talaplara laýyklykda ideg etmek işlerini ýokary depginde, guramaçylykly alyp barýarlar. Daýhan birleşiginde gowaça ekini bilen meşgullanýan kärendeçiler toparlarynyň 12-si bolup, olarda daýhanlaryň onlarçasy bereketli hasyl ýetişdirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler.

Bugdaýyň täze sortlary döredildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy ylmy taýdan uly ösüşlere eýe bolýar. Pudagyň toplumlaýyn ösdürilmegi bilen ýurdumyzda ýylyň-ýylyna gallanyň bol hasyly öndürilýär. Ýokary hilli galla hasylyny ösdürip ýetişdirmekde oba hojalykçy seleksioner alymlarymyzyň gerdenine hem uly paý düşýär. Bizem okyjylarymyzy ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmekde ekerançy alymlarymyzyň alyp barýan işleri bilen has ýakyndan tanyşdyrmagy müwessa bilip, Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň Däneli, kösükli däneli ekinleriň seleksiýasy we tohumçylygy bölüminiň müdiri, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty Güljemal TAÝLAKOWA bilen söhbetdeş bolduk. — Güljemal, hemmämize mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny doly üpjün etmek maksady bilen, oba hojalyk ekinleriniň, şol sanda bugdaýyň seleksiýasyny ösdürmäge, bu ugurda geçirilýän ylmy-barlaglaryň netijeliligini artdyrmaga, ýokary hasylly sortlary döretmäge uly üns berilýär.Ynha, bu babatda siziň ylmy-önümçilik merkeziňizde hem asylly işler alnyp barylýar. Söhbedimizi şular dogrusyndaky gürrüňlerden başlaýalyň!

Bol pagta hasylynyň düýbüni tutmak

Şu günler ýurdumyzyň ähli gowaça ekilen meýdanlarynda giň gerimli işler utgaşykly alnyp barylýar. Gowaçanyň ösüşini we hasyl toplaýşyny güýçlendirmek üçin mineral dökünleriň ylmy esasda ulanylmagy möhümdir. Gowaça azot, fosfor, kaliý ýaly mineral dökünleri köp özleşdirýär. Ol ösüş döwrüniň başynda, ýagny gunçalaýança azoty we kalini, gülleýän-gozalaýan döwri fosfor we azoty köp talap edýär. Şonuň üçin hem fosfor, kaliý dökünleri ulanylmadyk bolsa, onda gektara 50 – 60 kilogram möçberinde olary azot döküniniň karbamid görnüşi bilen gunçalaýan döwrüne çenli bermeli. Azot döküni gunçalaryň we gülleriň tiz emele gelmegini, gozalaryň irki möhletlerde açylmagyny, kaliý gowaçanyň suwsuzlyga, yssa, kömelek kesellerine durnuklylygyny güýçlendirýär. Gowaça üçin zerur bolan bu iýmit maddalarynyň haýsy bolsa-da, biriniň ýetmezçilik ýa-da artykmaçlyk etmegi onuň ösüşine, hasyl toplaýşyna we pagta süýüminiň hiline zyýanly täsir edýär. Şeýle ýagdaý ýüze çykanda gowaçanyň ýapraklary sarymtyl ýaşyl reňke öwrülýär, hasyl agzalary az emele gelýär hem-de ýeňillik bilen tänip düşýär, gozalar maýda bolýar we süýümiň hili ýaramazlaşýar. Onuň artykmaçlyk etmegi gowaçanyň boýunyň çendenaşa ösmegine we giç ýetişmegine hem-de süýümiň hiliniň ýaramazlaşmagyna getirýär. Fosfor döküni ýetmezçilik edende, ýapraklaryň reňki garamtyl reňke öwrülip, ösümlikleriň boýy pes bolýar, onuň azoty ulanyşy belog

Düýelerden köşekleri almagyň usullary

Ýurdumyzyň maldarçylyk pudagynyň düýedarçylyk ugrunda düýeleriň ýokary önümli ugurlaryny döretmekde, olaryň nesil goruny kämilleşdirmekde, genofonduny gorap saklamakda tohumçylyk işini kadalaýyk alyp barmagyň ähmiýeti örän uludyr. Arwana tohumly düýeler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem ösdürilýär. Olar önümçilik şertinde ortaça 20 – 25 ýyl ýaşaýarlar. Şol wagtyň içinde bolsa, jemi 8 – 10 köşek berýärler. Erkek düýeleriň ortaça agramy 600 – 630 kilogram, inen düýeleriňki bolsa 450 – 560 kilograma deňdir. Düýeleriň ortaça süýt önümliligi bir ýylda 2 müň 500 kilograma, süýdüniň ýaglylygy bolsa 3,5 göterime barabardyr. Bir düýeden bir ýylda: uly ýaşly düýelerden 2,1 kilogram we ýaş düýelerden 1,8 kilogram ýüň gyrkylyp alynýar (ýuwulmadyk görnüşde). Arwana düýelerini ösdürip ýetişdirýän fermalarda tohumçylyk işini alyp barmak üçin bu işde ilkinji nobatda, höwür erkege üns bermeli. Olaryň arasynda başga tohuma degişli tohum erkekler bar bolsa, olar bu tohumyň talabyny ödemese hem sürüden aýrylmalydyr. Höwür erkekler gözden geçirilip, seçilip alnandan soňra, ene inen düýeleriň höwür erkekler bilen üpjünçiligi kesgitlenmeli. Zootehniki kada boýunça bu görkeziji höwürden çykarmagyň erkin usulynda bir baş höwür erkege 30 – 35 ene inen düýe möçberinde berkidilmelidir. Eger fermada höwür erkekler ýetmezçilik etse, onuň üsti doldurylmaly.

Zähmet — bereket çeşmesi

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň «Döwletli» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Narbaý Hojanepesowyň maşgalasy üçin şu ýyl döwletli ýyllaryň biri boldy. Onuň 1 gektara barabar kärende ýerinde ýeralmanyň bereketli hasyly ýetişdi. Ene toprak daýhanyň göwnündäki ýaly bereket eçildi. Häzir ýetişdirilen bol hasyly ýygnap almak işleri tamamlanyp barýar. Miweli baglyga deňiç uzap gidýän bu meýdandan häzire çenli ýygnalan hasyl 11 tonnadan geçdi. Uly ýol etrabyň Akýaýla geňeşliginiň Döwletli obasynyň başlanýan ýerinde howalanyp oturan goşa jaýyň deňesinden geçip, sesýetim daşlykdaky gabaraly köpriniň deňesinde böwür berip ugraýar. Edil şu ýerden tä obanyň çet gyrasyny syryp gidýän akaba çenli aralygy syrdam agaçlaryň uzyn hatary eýeleýär. Göge başyny çatan ak derekleriň hem-de miweli baglaryň nyzamly hatarynyň aňry ýüzünden bolsa ekin meýdany başlanýar. Bu giňişligiň içine siňip gidýän dilkaw ýodajyk birmeňzeş halta gaplaryň münder-münder basylan uly üýşmegine baryp direýär. Meýdanda bereket-bolçulygyň ýakymly alamatlary şöhlelenýär: monjuk deýin uzap ýatan hatarlara patrap düzülen ýeralmanyň bol hasylyny ýygnap, bir çete münderleýän adamlaryň ýakymly hem sazlaşykly hereketleri säher çagyna aýratyn görk berýär.

Mäş önümçiligi: ýeri we ýer eýesini gurplandyrýan taslama

Soňky ýyllarda oba hojalygynda düýbünden täze, ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleriň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly giň gerimli işler ýaýbaňlandyrylýar. Bu oňyn özgertmeler daýhançylyk däplerimizi has-da baýlaşdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, ozaldan ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň senagat derejesindäki önümçiligini ýola goýmak boýunça birnäçe üstünlikli tejribeler geçirildi. Biz şu günki makalamyzda şeýle tejribeleriň biri, has takygy, mäşiň ýurdumyzdaky önümçiligi, eksport mümkinçilikleri, dünýä bazarynda oňa bolan isleg barada söhbet etmegi makul bildik. Bilşimiz ýaly, mäş daýhanlaryň gadym döwürlerden bäri ösdürip ýetişdirýän ekinleriniň biri. Mäş birýyllyk ösümlik bolup, diňe ygal-ýagyn az möçberde düşýän has yssy ýurtlarda ýetişdirilýär. Ol öz ekilen ýerini azot bilen baýlaşdyrýar. Anyk aýdylanda, azodyň mukdaryny her gektarda 150 — 250 kilogram köpeldip, ýeriň mes bolmagyny üpjün edýär. Mäş yssy howany hem-de suwy az möçberde talap edýär. Ekilýän ýeriniň topragyna baglylykda, ony iki ýa-da üç gezek suwarmak ýeterlik. Ahal, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda mäşi düme görnüşinde ýetişdirmäge-de mümkinçilik bar. Ol, tohumyna görä, 75 — 100 güne çenli möhletde ýetişýän ekinleriň biridir. Görnüşine hem-de ekiliş usulyna baglylykda, bir gektara 15 — 20 kilogram tohum sepilýär. Bu ekine ýöriteleşen Awstraliýa, Mýanma ýaly ýurtlarda 1 gektardan ortaça 2-2,5 t

Bagyndan bereket tapan

Kaka etrabynyň «Parahat» daýhan birleşiginiň zähmetkeşleriniň arasynda tejribeli gallaçylar-da, pagtaçylar-da, gök ekerançylardyr bakjaçylar-da, bagbanlar-da näçe diýseň bar. Şolaryň biri hem bagban Oraznepes Öwezgeldiýewdir. Ol ussat bagban hökmünde giňden tanalýar. Ýigrimi ýyla golaý wagt bäri bagbançylyk bilen meşgullanyp gelýän Oraznepes aganyň kärende ýerinde ösdürip ýetişdiren baglary göreniň göwnüni göterýär.

«Ussat bagban» bäsleşigi geçirildi

Türkmenabat şäherindäki «Goşa çynar» toý mekanynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň yglan eden «Ussat bagban» bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa welaýatymyzyň etraplaryndan bagbanlaryň 10-dan gowragy gatnaşdy. Bäsleşikde dürli miweli baglary ýetişdirmekde işine ussatlaryň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda alan hasyllarynyň möçberine, hiline, harytlyk görnüşlerine, tagamyna baha berildi. Netijede Saýat etrabynyň «Gülüstan» daýhan birleşiginiň bagbany Sülgün Agamamedowa birinji orny eýeledi we bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Zähmetkeş zenan üstümizdäki ýylda her düýp erik agajyndan 70 — 100 kilogram aralygynda hasyl almagy başarypdyr. Onuň bagynda erik agaçlarynyň bolsa 450-si bar. Ikinji orny eýelän Serdar Döwranow bolsa Halaç etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşigindäki bagynda alma, erik, garaly ýaly miweleriň 10 tonna golaý hasylyny ýetişdiripdir. Bäsleşikde üçünji orna Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kerki etrap birleşmesiniň hünärmeni Suraý Hudaýberdiýewa mynasyp boldy. Ol Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşigindäki 7 gektar bagyndan almanyň we şetdalynyň 4 tonna hasylyny almagy başarypdyr. Ýeňijileri welaýat birleşmämiziň adyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylagladyk.

Bol hasyl ugrunda

Ekerançylyk meýdanlaryny geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük däne ekişine taýýarlamak, gowaçalaryň idegini ýetirmek, gök-bakja ekinleriň hasylyny ýygnamak oba zähmetkeşleriniň şu günki esasy iş-aladalary bolup durýar. Ak bugdaý etrabynda bu babatdaky işlere jogapkärli çemeleşilýär. Etrabyň ähli daýhan birleşiklerinde we daýhan hojalyklarynda meýdan işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işlerini geçirmekde tehnikalaryň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar. Etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň we daýhan hojalyklarynyň kuwwatly traktorlaryna ýeterlik iş tejribesi bolan mehanizatorlar erk etmek bilen, degişli işleriň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmagyny gazanýarlar. Sürüm, tekizleýiş işleri Magtymguly adyndaky, “Bugdaýly” daýhan birleşiklerinde, M.Sopyýew adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde guramaçylykly barýar. Agzalan hojalyklaryň daýhanlary gowaçalaryň idegini hem göwnejaý ýerine ýetirýärler. Gowaçaly meýdanlaryň bol hasyla beslenmegi bolsa, olaryň yhlasynyň ýerine düşjekdigine ynam döredýär.

Ýyl berekedinden belli

Hemişe bolşy ýaly, şu ýylda-da ýurdumyzyň zähmetsöýer gallaçylary azyk bolçulygynyň esasy çeşmeleriniň biri bolan ak bugdaýyň bol hasylyny öndürip, uly zähmet ýeňşini gazandylar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Daşoguz welaýatynyň ussat daýhanlary 145 müň gektar ýerden ýokary galla hasylyny alyp, Watan harmanyna mynasyp goşant goşdular. Akdepe etrabynyň «Babadaýhan» daýhan birleşiginde hojalygy ýöretmegiň täze usullarynda iş alyp barýan Aşyrmuhammet Söýünow şu ýyl özüniň «Altyn hasyl» daýhan hojalygyna degişli 100 gektar meýdandan 1000 tonna golaý hasyl aldy. Saýlantgy tohumlyk däneleri ýetişdirýän bu daýhan hojalygy boýunça her gektardan ýygnalan hasylyň möçberi 100 sentnere barabar boldy. Şabat etrabynyň «Nowruz» daýhan birleşiginden Atajan Akmanow 9 gektar kärende ýerinden 29 tonna, Görogly etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Bahargül Myradowa 8 gektar ýerden 60 tonna golaý, Boldumsaz etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginden Bazarbaý Hanmedow bir gektar ýerinden 8,5 tonna bugdaý ýygnap, uly zähmet ýeňşini gazandylar.

Bol hasyl ýygnalýar

Tarp ýerli Garagum etrabynyň hasyl ussatlary ekinleriň islendik görnüşinden hem bereketli, bol hasyl almagyň abraý bilen hötdesinden gelýärler. Olar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem gök-bakja ekinleriniň hümmetli hasylyny ýetişdirdiler. Etrabyň hasyl ussatlary özleri üçin döredilip berilýän zähmet şertlerinden hoşal bolup, ak bazarlarymyzy ter gök-bakja önümleri bilen üznüksiz üpjün etmäge çalyşýarlar. Toprak bilen bagry badaşan gök ekerançylar, işewür telekeçiler we ussat daýhanlar şu ýylda 1 müň gektarda ýeralma ýetişdirip, gowy hasyl aldylar. Sogan ýetişdirmekde hem ýokary netijeler gazanyldy. Olar 270 gektarda ýetişdirilen ýazlyk sogandan 675 tonna hasyl almagy başardylar. 110 gektara pomidor eken daýhanlaryň gazanýan iş netijeleri-de öwgä mynasyp. Olar häzir pomidor hasylyny ýygnamak işlerini gowşamaýan depginde dowam etdirip, möwsümiň dowamynda 2750 tonna pomidor hasylyny ak bazarlara çykarmagy maksat edinýärler. 25 gektarda ýetişdirilen hyýardan hem 500 tonna hasyl alnyp, meýilnama üstünlikli ýerine ýetirildi. 440 gektarda ekilen bakja ekinleriniň bolsa ýygymy dowam edýär. Gök we bakja ekinlerinden bol hasyl almakda «Baýramaly», «Ak altyn» we «Garagum kanaly» daýhan birleşikleriniň ýer eýeleri has-da yhlasly işleýärler.

Maldarlaryň iş-aladalary

«Oty köpüň maly dok» diýen ýörelgä eýerýän Ak bugdaý etrabynyň maldarlary gyş üçin ot-iýmiň bol ätiýaçlygyny döretmek hyjuwy bilen tutanýerli zähmet çekýärler. Meýdanlarda dänelik, ýorunja we gaýry meýdan otlaryny ýetişdirýän ot-iým taýýarlaýjylar iýmleriň ätiýaçlygyny döretmäge aýratyn ähmiýet berýärler. Etrabyň maldarlary dowarlaryň güýz gyrkymyna hem ykjam taýýarlyk görýärler. Maldarçylykda jogapkärli çäre hasaplanylýan bu çäre üçin medeni sebitden hem-de Garagum sährasyndan amatly ýerler saýlanylýar. Möwsümi guramaçylykly alyp barmak maksady bilen meýilnama taýýarlanylýar. Onda möwsümde zähmet çekjekleriň göwnejaý iş we dynç alyş şertlerini üpjün etmek aýratyn göz öňünde tutulýar.

Kombaýnçy doganlar

Ýigit çykyp, özlerine kär saýlamaly bolanda, doganlaryň ikisi-de, gürrüňsiz, ata kesbine eýerdiler. Çünki il arasynda uly abraý gazanan kakasynyň zähmet ýoly olar üçin görelde mekdebi boldy. 30 ýyla golaý wagtdan bäri oba hojalyk ulaglarynyň dürli görnüşlerini ussatlyk bilen dolandyryp gelýän Ýaraşmyrat aga hem bu gün ogullarynyň öz kesbine eýerip, «polat atlara» ussatlyk bilen erk edişlerine çäksiz guwanýar. Kerki etrabynyň Astanababa şäherçesiniň ýaşaýjylary, kombaýnçy doganlar Batyr we Daýanç Kulyýewler orta mekdebi tamamlap, sürüjilik şahadatnamalaryny ellerine alan pursatlaryndan bäri kuwwatly däne orýan kombaýnlary ussatlyk bilen dolandyrýarlar. Doganlaryň ulusy Batyr indi on ýyldan gowrak wagt bäri dürli kysymly däne orujy kombaýnlary sürmekde daýhanlaryň ýakyn ýardamçylarynyň biri. Daýanjyň hem mehanizatorçylyga ykbalyny baglanyna 8 ýyla golaý wagt boldy. Olar etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasy tarapyndan özlerine berkidilen däne orýan kombaýny iş çalşygyna laýyklykda agzybirlikde dolandyrýarlar. Watan harmanynyň beýgelmeginde, kärendeçileriň yhlaslarynyň ýerine düşmeginde «polat ata» atlanýan bu mehanizator ýigitleriň hyzmatlary uly. Olar zähmet gaýnap joşýan bereketli atyzlarda ýetişdirilen hasylyň bökdençsiz we isripsiz ýygnalmagyna örän jogapkärçilikli çemeleşýärler. «Batyr bilen Daýanjyň orak möwsümine işjeň gatnaşmaklary, erk edýän tehnikalaryna eý

Gowaça meýdanlaryndaky yhlasly zähmet

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň bereketli pagta hasylyny kemala getirmekde uly ähmiýete eýe bolan häzirki günlerde welaýatymyzyň beýleki künjekleriniň hatarynda, Boldumsaz etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginde hem bu ugurdaky işler ýokary depginler bilen barýar. Munuň şeýledigini onuň çäklerindäki gowaça meýdanlarynda ir ertirden giç agşama çenli dowam edýän bejergi işlerinde gazanylýan netijelerden, olara yhlasly gatnaşýan zähmetsöýer adamlaryň sözlerinden aýdyň bilmek mümkin. — Şu ýylyň baharynda 1246 gektar meýdana gowaça ekdik — diýip, daýhan birleşiginiň baş agronomy Kakabaý Täjow golaýda iş üstünde gürrüňdeş bolanymyzda aýtdy: — Şunlukda, ol ýerlerde kadaly gögeriş hem alyndy. Bu bolsa bejergi işlerine öz wagtynda, uly höwes bilen girişmäge ýardam berdi. Gysga döwürde ýekelenilip, göwnejaý iýmitlendirilen, haşal otlardan arassalanylan gowaçalarymyzyň ösüşi-de talabalaýyk boldy. Häzirki günlerde olar boýlaryny ýetirip, gül-gunçalaryny barha artdyrýarlar. Muny kärendeçiler toparlarymyzyň haýsy biriniň meýdanlaryna barsaň hem görmek mümkin.

Bereket eçilen meýdanlar

Sarahs etrabynyň «Ummasyz hasyl» daýhan hojalygynyň agzybir daýhanlary şu günler 50 gektar meýdanda ýetişdirilýän ekinlere yhlasyny siňdirýärler. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bu hojalygyň zähmetsöýer daýhanlary 20 gektar meýdanda däne ýetişdirip, her gektaryň hasyllylygyny 30 sentnere ýetirmegi başardylar. Hojalygyň ýolbaşçysy Baýramsoltan Çaryýewa hormatly dynç alyşdadygyna garamazdan, ýanýoldaşy Agajan Çaryýew bilen bilelikde maşgala agzalarynyň daýhançylyk bilen meşgullanmaklaryna giň ýol açyp, olaryň tejribeli daýhanlaryň hataryna goşulmagyna halypalyk goluny uzatdy. Agzybirlikde çekilýän zähmet hemişe işleriň ugrugyp gitmegine, toprakdan garaşylýan hasylyňy alyp, meýilnamalaýyn tabşyryklary üstünlikli berjaý etmäge ýardam edýär.

Ussat bagban

Ýakynda ýurdumyzyň bagbanlarynyň arasynda yglan edilen «Ussat bagban» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry jemlenip, onda Kaka etrabynyň «Parahat» daýhan birleşiginiň kärendeçi bagbany Oraznepes Öwezgeldiýew ýeňiji boldy. Indi birnäçe ýyldan bäri geçirilip gelinýän bagbanlaryň hünär bäsleşiginiň ýerlerden käriniň ussatlaryny ýüze çykarmakdaky ähmiýeti uludyr. Täze taryhy döwrümizde bagbanlaryň önümçilikde döredijilik ukyplaryny goldamak, olaryň ýokary öndürijilikli zähmete höwesini ýokarlandyrmak, ussat bagbanlary ýüze çykarmak, höweslendirmek we iş tejribelerini öwrenmek, şeýle-de eziz Diýarymyzyň gözel tebigatyna söýgini artdyrmak, ýurdumyzda tebigaty goramak babatynda alnyp barylýan syýasaty wagyz etmek, ilatyň arasynda biodürlüligi gorap saklamak barada öwüt-ündew işlerini alyp barmak «Ussat bagdan» atly bäsleşigiň esasy maksady bolup durýar. Şoňa görä-de, oňa gatnaşmaga höwes edýän bagbanlaryň sany ýylyň-ýylyna artýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda yglan edilen bäsleşigiň Ahal welaýat tapgyry bolsa, welaýatda bagy-bossanlyga we azyk bolçulygynyň pugtalanmagyna goşant goşýan ussat bagbanlaryň az däldigine göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.

Lezzetli miweler

Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Lezzetli miwe» hojalyk jemgyýeti miweli baglaryň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek bilen, bazarlarymyzyň azyk bolçulygyna mynasyp goşant goşýar. Telekeçiler etrabyň A.Tahyrow adyndaky daýhan birleşiginiň çäginden uzak möhlete bölünip berlen 200 gektar meýdanda miweli baglaryň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirýärler. —Sürlüp, tekizlenip, taba getirilen meýdanlara Türkiýeden biziň toprak-howa şertlerimize gabat gelýän ýaşajyk nahallary getirip, ilki synag hökmünde ekip gördük. Suwy, döküni wagtynda berlip, idegi ýetirilen baglar mele topraga basym uýgunlaşyp, birkemsiz boý aldy. Üç ýylda hasyla durup, ynha, häzirki wagtda üçünji ýylyň hasylyny ýygnap, içerki bazarlara goýberýäris. Karlik görnüşli baglaryň hasyl berijiligi ýokary bolýan eken. Alma, şetdaly, badam, çereşnýa baglarynyň hasyllylygy ýyl-ýyldan artýar. Geçen ýyl süýji tagamly şetdalynyň 30 tonnadan gowragyny Russiýa Federasiýasyna eksport etdik. Şu ýylda täze ýygnalan ekologik taýdan arassa miwelerden daşarky bazara hem goýbermegi göz öňünde tutýarys.

Işler gyzyşýar

Sarahs etrabynyň hojalyklarynda däneden boşan meýdanlary geljek ýylyň hasyly üçin ekişe taýýarlamak ugrundaky işlere jogapkärli çemeleşilýär. Häzirki günlerde tehnikalaryň ýokary öndürijilikli işledilmegi netijesinde sürüm, tekizleýiş işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Bu işde etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň dürli kysymly, ýokary öndürijilikli tehnikalarynyň 33-siniň hyzmatyndan peýdalanylýar. Tehnikalary üç toparda sazlaşykly, bökdençsiz işletmekde mehanizatorlar yhlasyny gaýgyrman zähmet çekýärler. Häzirki meýdan işlerinde etrabyň A.Tekäýew adyndaky, Oraz Salyr adyndaky, «Bereket» daýhan birleşikleriniň zähmetkeşleri has işjeňlik görkezýärler. Agzalan hojalyklaryň kärendeçilik toparlarynyň birnäçesinde sürüm işleri tamamlanyp, tekizleýiş işleri soňky gektarlarda alnyp barylýar.

Toprak tagzymy

Her bir türkmen durmuşa ata-babadan galan miras hökmünde garaýar. Ýaşaýyş-durmuş kadasyny sarpalap, ony mynasyp dowam etdirmegi asylly borjy hasaplaýar. Bu borç onuň ganynda hemişe bar, ol şonuň bilen ähli etmeli işleriniň agramyny, saldamlylygyny ölçeýär. Topraga tohum sepilýär, gögerýär, gämikleýär, ýaşyl maýsalar peýda bolýar, bejerilýär, ösdürilýär, ideg edilýär, soňra-da ekin hasyla durýar.

Bakjaly meýdanlar

Kärendeçi Ejebaý Hakberdiýewa Köneürgenç etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň çäginde 1 gektardan gowrak meýdanda indi 10 ýyldan bäri bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanyp gelýär. Ýakynda Ejebaý gelneje bilen iş üstünde duşuşyp, söhbetdeş bolanymyzda, ol bize şeýle gürrüň berdi: — Men kärende ýerimde ýylyň-ýylyna gawundyr garpyzlaryň birnäçe görnüşlerini ösdürip ýetişdirýärin. Şu günler igde ýaprak, gürbek gawunlarymyz hasyla durdy. Bu gawunlaryň idegi oňat ýetirilende, 120 günde bişip ýetişýär. Şeýle hem kärende ýerimde gyş gawunlarymyzyň hem birnäçe görnüşini ösdürip ýetişdirýäris. Gyş gawunlarynda maý aýynyň ahyryna gögeriş gazanylyp, sentýabr aýynda hasyly ýygnalýar. Gawundyr garpyzlary ösdürip ýetişdirmek irginsiz zähmeti, uly jogapkärçiligi talap edýär. Ekişi wagtynda geçirmek, otag otamak, suw tutmak, zyýankeşlerden goramak ýaly işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi netijesinde bol hasyl kemala gelýär. Maňa ähli ideg işlerinde maşgala agzalarym ýakyndan kömek berýärler. Ýetişdiren hasylymyzy ak bazarlarymyzda ilatymyza hödürleýäris.