Bol pagta hasylynyň düýbüni tutmak

25 Iýul 2023
420

Şu günler ýurdumyzyň ähli gowaça ekilen meýdanlarynda giň gerimli işler utgaşykly alnyp barylýar. Gowaçanyň ösüşini we hasyl toplaýşyny güýçlendirmek üçin mineral dökünleriň ylmy esasda ulanylmagy möhümdir.

Gowaça azot, fosfor, kaliý ýaly mineral dökünleri köp özleşdirýär. Ol ösüş döwrüniň başynda, ýagny gunçalaýança azoty we kalini, gülleýän-gozalaýan döwri fosfor we azoty köp talap edýär. Şonuň üçin hem fosfor, kaliý dökünleri ulanylmadyk bolsa, onda gektara 50 – 60 kilogram möçberinde olary azot döküniniň karbamid görnüşi bilen gunçalaýan döwrüne çenli bermeli. Azot döküni gunçalaryň we gülleriň tiz emele gelmegini, gozalaryň irki möhletlerde açylmagyny, kaliý gowaçanyň suwsuzlyga, yssa, kömelek kesellerine durnuklylygyny güýçlendirýär. Gowaça üçin zerur bolan bu iýmit maddalarynyň haýsy bolsa-da, biriniň ýetmezçilik ýa-da artykmaçlyk etmegi onuň ösüşine, hasyl toplaýşyna we pagta süýüminiň hiline zyýanly täsir edýär. Şeýle ýagdaý ýüze çykanda gowaçanyň ýapraklary sarymtyl ýaşyl reňke öwrülýär, hasyl agzalary az emele gelýär hem-de ýeňillik bilen tänip düşýär, gozalar maýda bolýar we süýümiň hili ýaramazlaşýar. Onuň artykmaçlyk etmegi gowaçanyň boýunyň çendenaşa ösmegine we giç ýetişmegine hem-de süýümiň hiliniň ýaramazlaşmagyna getirýär. Fosfor döküni ýetmezçilik edende, ýapraklaryň reňki garamtyl reňke öwrülip, ösümlikleriň boýy pes bolýar, onuň azoty ulanyşy belogyň sintezini bökdeýär, ösümligiň kesellere durnuklylygy we hasyllylygy peselýär hem-de süýümiň hili ýaramazlaşýar. Aýratyn hem gowaçanyň hasyla durýan we ýetişýän döwri gijä galýar.

Muhammetrahym MEREDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň kiçi ylmy işgäri.