Bol hasyl ugrunda

21 Iýul 2023
680

Ekerançylyk meýdanlaryny geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük däne ekişine taýýarlamak, gowaçalaryň idegini ýetirmek, gök-bakja ekinleriň hasylyny ýygnamak oba zähmetkeşleriniň şu günki esasy iş-aladalary bolup durýar. Ak bugdaý etrabynda bu babatdaky işlere jogapkärli çemeleşilýär. Etrabyň ähli daýhan birleşiklerinde we daýhan hojalyklarynda meýdan işleri guramaçylykly alnyp barylýar.

Galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işlerini geçirmekde tehnikalaryň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar. Etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň we daýhan hojalyklarynyň kuwwatly traktorlaryna ýeterlik iş tejribesi bolan mehanizatorlar erk etmek bilen, degişli işleriň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmagyny gazanýarlar. Sürüm, tekizleýiş işleri Magtymguly adyndaky, “Bugdaýly” daýhan birleşiklerinde, M.Sopyýew adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde guramaçylykly barýar. Agzalan hojalyklaryň daýhanlary gowaçalaryň idegini hem göwnejaý ýerine ýetirýärler. Gowaçaly meýdanlaryň bol hasyla beslenmegi bolsa, olaryň yhlasynyň ýerine düşjekdigine ynam döredýär.

Baýramsoltan MYRADOWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň hünärmeni.