Bol hasyl ýygnalýar

21 Iýul 2023
629

Tarp ýerli Garagum etrabynyň hasyl ussatlary ekinleriň islendik görnüşinden hem bereketli, bol hasyl almagyň abraý bilen hötdesinden gelýärler. Olar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem gök-bakja ekinleriniň hümmetli hasylyny ýetişdirdiler. Etrabyň hasyl ussatlary özleri üçin döredilip berilýän zähmet şertlerinden hoşal bolup, ak bazarlarymyzy ter gök-bakja önümleri bilen üznüksiz üpjün etmäge çalyşýarlar.

Toprak bilen bagry badaşan gök ekerançylar, işewür telekeçiler we ussat daýhanlar şu ýylda 1 müň gektarda ýeralma ýetişdirip, gowy hasyl aldylar. Sogan ýetişdirmekde hem ýokary netijeler gazanyldy. Olar 270 gektarda ýetişdirilen ýazlyk sogandan 675 tonna hasyl almagy başardylar. 110 gektara pomidor eken daýhanlaryň gazanýan iş netijeleri-de öwgä mynasyp. Olar häzir pomidor hasylyny ýygnamak işlerini gowşamaýan depginde dowam etdirip, möwsümiň dowamynda 2750 tonna pomidor hasylyny ak bazarlara çykarmagy maksat edinýärler. 25 gektarda ýetişdirilen hyýardan hem 500 tonna hasyl alnyp, meýilnama üstünlikli ýerine ýetirildi. 440 gektarda ekilen bakja ekinleriniň bolsa ýygymy dowam edýär. Gök we bakja ekinlerinden bol hasyl almakda «Baýramaly», «Ak altyn» we «Garagum kanaly» daýhan birleşikleriniň ýer eýeleri has-da yhlasly işleýärler.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz).