Maldarlaryň iş-aladalary

20 Iýul 2023
690

«Oty köpüň maly dok» diýen ýörelgä eýerýän Ak bugdaý etrabynyň maldarlary gyş üçin ot-iýmiň bol ätiýaçlygyny döretmek hyjuwy bilen tutanýerli zähmet çekýärler. Meýdanlarda dänelik, ýorunja we gaýry meýdan otlaryny ýetişdirýän ot-iým taýýarlaýjylar iýmleriň ätiýaçlygyny döretmäge aýratyn ähmiýet berýärler.

Etrabyň maldarlary dowarlaryň güýz gyrkymyna hem ykjam taýýarlyk görýärler. Maldarçylykda jogapkärli çäre hasaplanylýan bu çäre üçin medeni sebitden hem-de Garagum sährasyndan amatly ýerler saýlanylýar. Möwsümi guramaçylykly alyp barmak maksady bilen meýilnama taýýarlanylýar. Onda möwsümde zähmet çekjekleriň göwnejaý iş we dynç alyş şertlerini üpjün etmek aýratyn göz öňünde tutulýar.

Humaý ÝOLLYÝEWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň hünärmeni.