Toprak tagzymy

18 Iýul 2023
571

Her bir türkmen durmuşa ata-babadan galan miras hökmünde garaýar. Ýaşaýyş-durmuş kadasyny sarpalap, ony mynasyp dowam etdirmegi asylly borjy hasaplaýar. Bu borç onuň ganynda hemişe bar, ol şonuň bilen ähli etmeli işleriniň agramyny, saldamlylygyny ölçeýär.

Topraga tohum sepilýär, gögerýär, gämikleýär, ýaşyl maýsalar peýda bolýar, bejerilýär, ösdürilýär, ideg edilýär, soňra-da ekin hasyla durýar.

Şöhrat MÜLKIÝEW.