Düýelerden köşekleri almagyň usullary

25 Iýul 2023
501

Ýurdumyzyň maldarçylyk pudagynyň düýedarçylyk ugrunda düýeleriň ýokary önümli ugurlaryny döretmekde, olaryň nesil goruny kämilleşdirmekde, genofonduny gorap saklamakda tohumçylyk işini kadalaýyk alyp barmagyň ähmiýeti örän uludyr.

Arwana tohumly düýeler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem ösdürilýär. Olar önümçilik şertinde ortaça 20 – 25 ýyl ýaşaýarlar. Şol wagtyň içinde bolsa, jemi 8 – 10 köşek berýärler. Erkek düýeleriň ortaça agramy 600 – 630 kilogram, inen düýeleriňki bolsa 450 – 560 kilograma deňdir. Düýeleriň ortaça süýt önümliligi bir ýylda 2 müň 500 kilograma, süýdüniň ýaglylygy bolsa 3,5 göterime barabardyr. Bir düýeden bir ýylda: uly ýaşly düýelerden 2,1 kilogram we ýaş düýelerden 1,8 kilogram ýüň gyrkylyp alynýar (ýuwulmadyk görnüşde). Arwana düýelerini ösdürip ýetişdirýän fermalarda tohumçylyk işini alyp barmak üçin bu işde ilkinji nobatda, höwür erkege üns bermeli. Olaryň arasynda başga tohuma degişli tohum erkekler bar bolsa, olar bu tohumyň talabyny ödemese hem sürüden aýrylmalydyr. Höwür erkekler gözden geçirilip, seçilip alnandan soňra, ene inen düýeleriň höwür erkekler bilen üpjünçiligi kesgitlenmeli. Zootehniki kada boýunça bu görkeziji höwürden çykarmagyň erkin usulynda bir baş höwür erkege 30 – 35 ene inen düýe möçberinde berkidilmelidir. Eger fermada höwür erkekler ýetmezçilik etse, onuň üsti doldurylmaly.

Akjemal HOJAKOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri.