Zähmet — bereket çeşmesi

25 Iýul 2023
674

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň «Döwletli» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Narbaý Hojanepesowyň maşgalasy üçin şu ýyl döwletli ýyllaryň biri boldy. Onuň 1 gektara barabar kärende ýerinde ýeralmanyň bereketli hasyly ýetişdi. Ene toprak daýhanyň göwnündäki ýaly bereket eçildi. Häzir ýetişdirilen bol hasyly ýygnap almak işleri tamamlanyp barýar. Miweli baglyga deňiç uzap gidýän bu meýdandan häzire çenli ýygnalan hasyl 11 tonnadan geçdi.

Uly ýol etrabyň Akýaýla geňeşliginiň Döwletli obasynyň başlanýan ýerinde howalanyp oturan goşa jaýyň deňesinden geçip, sesýetim daşlykdaky gabaraly köpriniň deňesinde böwür berip ugraýar. Edil şu ýerden tä obanyň çet gyrasyny syryp gidýän akaba çenli aralygy syrdam agaçlaryň uzyn hatary eýeleýär. Göge başyny çatan ak derekleriň hem-de miweli baglaryň nyzamly hatarynyň aňry ýüzünden bolsa ekin meýdany başlanýar. Bu giňişligiň içine siňip gidýän dilkaw ýodajyk birmeňzeş halta gaplaryň münder-münder basylan uly üýşmegine baryp direýär. Meýdanda bereket-bolçulygyň ýakymly alamatlary şöhlelenýär: monjuk deýin uzap ýatan hatarlara patrap düzülen ýeralmanyň bol hasylyny ýygnap, bir çete münderleýän adamlaryň ýakymly hem sazlaşykly hereketleri säher çagyna aýratyn görk berýär.

Amanmyrat SAPAROW.
«Türkmenistan».