Bugdaýyň täze sortlary döredildi

25 Iýul 2023
458

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy ylmy taýdan uly ösüşlere eýe bolýar. Pudagyň toplumlaýyn ösdürilmegi bilen ýurdumyzda ýylyň-ýylyna gallanyň bol hasyly öndürilýär. Ýokary hilli galla hasylyny ösdürip ýetişdirmekde oba hojalykçy seleksioner alymlarymyzyň gerdenine hem uly paý düşýär. Bizem okyjylarymyzy ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmekde ekerançy alymlarymyzyň alyp barýan işleri bilen has ýakyndan tanyşdyrmagy müwessa bilip, Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň Däneli, kösükli däneli ekinleriň seleksiýasy we tohumçylygy bölüminiň müdiri, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty Güljemal TAÝLAKOWA bilen söhbetdeş bolduk.

— Güljemal, hemmämize mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny doly üpjün etmek maksady bilen, oba hojalyk ekinleriniň, şol sanda bugdaýyň seleksiýasyny ösdürmäge, bu ugurda geçirilýän ylmy-barlaglaryň netijeliligini artdyrmaga, ýokary hasylly sortlary döretmäge uly üns berilýär.Ynha, bu babatda siziň ylmy-önümçilik merkeziňizde hem asylly işler alnyp barylýar. Söhbedimizi şular dogrusyndaky gürrüňlerden başlaýalyň!

Söhbetdeş bolan Aýnabat ATAÝEWA,
«Bereketli toprak».