Ýyl berekedinden belli

21 Iýul 2023
477

Hemişe bolşy ýaly, şu ýylda-da ýurdumyzyň zähmetsöýer gallaçylary azyk bolçulygynyň esasy çeşmeleriniň biri bolan ak bugdaýyň bol hasylyny öndürip, uly zähmet ýeňşini gazandylar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Daşoguz welaýatynyň ussat daýhanlary 145 müň gektar ýerden ýokary galla hasylyny alyp, Watan harmanyna mynasyp goşant goşdular.

Akdepe etrabynyň «Babadaýhan» daýhan birleşiginde hojalygy ýöretmegiň täze usullarynda iş alyp barýan Aşyrmuhammet Söýünow şu ýyl özüniň «Altyn hasyl» daýhan hojalygyna degişli 100 gektar meýdandan 1000 tonna golaý hasyl aldy. Saýlantgy tohumlyk däneleri ýetişdirýän bu daýhan hojalygy boýunça her gektardan ýygnalan hasylyň möçberi 100 sentnere barabar boldy. Şabat etrabynyň «Nowruz» daýhan birleşiginden Atajan Akmanow 9 gektar kärende ýerinden 29 tonna, Görogly etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Bahargül Myradowa 8 gektar ýerden 60 tonna golaý, Boldumsaz etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginden Bazarbaý Hanmedow bir gektar ýerinden 8,5 tonna bugdaý ýygnap, uly zähmet ýeňşini gazandylar.

Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz).