Bagyndan bereket tapan

22 Iýul 2023
703

Kaka etrabynyň «Parahat» daýhan birleşiginiň zähmetkeşleriniň arasynda tejribeli gallaçylar-da, pagtaçylar-da, gök ekerançylardyr bakjaçylar-da, bagbanlar-da näçe diýseň bar. Şolaryň biri hem bagban Oraznepes Öwezgeldiýewdir. Ol ussat bagban hökmünde giňden tanalýar.

Ýigrimi ýyla golaý wagt bäri bagbançylyk bilen meşgullanyp gelýän Oraznepes aganyň kärende ýerinde ösdürip ýetişdiren baglary göreniň göwnüni göterýär.

Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren awtor.