«Ussat bagban» bäsleşigi geçirildi

21 Iýul 2023
456

Türkmenabat şäherindäki «Goşa çynar» toý mekanynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň yglan eden «Ussat bagban» bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa welaýatymyzyň etraplaryndan bagbanlaryň 10-dan gowragy gatnaşdy. Bäsleşikde dürli miweli baglary ýetişdirmekde işine ussatlaryň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda alan hasyllarynyň möçberine, hiline, harytlyk görnüşlerine, tagamyna baha berildi. Netijede Saýat etrabynyň «Gülüstan» daýhan birleşiginiň bagbany Sülgün Agamamedowa birinji orny eýeledi we bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Zähmetkeş zenan üstümizdäki ýylda her düýp erik agajyndan 70 — 100 kilogram aralygynda hasyl almagy başarypdyr. Onuň bagynda erik agaçlarynyň bolsa 450-si bar. Ikinji orny eýelän Serdar Döwranow bolsa Halaç etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşigindäki bagynda alma, erik, garaly ýaly miweleriň 10 tonna golaý hasylyny ýetişdiripdir.

Bäsleşikde üçünji orna Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kerki etrap birleşmesiniň hünärmeni Suraý Hudaýberdiýewa mynasyp boldy. Ol Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşigindäki 7 gektar bagyndan almanyň we şetdalynyň 4 tonna hasylyny almagy başarypdyr. Ýeňijileri welaýat birleşmämiziň adyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylagladyk.

Jumagül AÇILOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň pudagara utgaşdyryjysy.