Bakjaly meýdanlar

18 Iýul 2023
602

Kärendeçi Ejebaý Hakberdiýewa Köneürgenç etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň çäginde 1 gektardan gowrak meýdanda indi 10 ýyldan bäri bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanyp gelýär. Ýakynda Ejebaý gelneje bilen iş üstünde duşuşyp, söhbetdeş bolanymyzda, ol bize şeýle gürrüň berdi:

— Men kärende ýerimde ýylyň-ýylyna gawundyr garpyzlaryň birnäçe görnüşlerini ösdürip ýetişdirýärin. Şu günler igde ýaprak, gürbek gawunlarymyz hasyla durdy. Bu gawunlaryň idegi oňat ýetirilende, 120 günde bişip ýetişýär. Şeýle hem kärende ýerimde gyş gawunlarymyzyň hem birnäçe görnüşini ösdürip ýetişdirýäris. Gyş gawunlarynda maý aýynyň ahyryna gögeriş gazanylyp, sentýabr aýynda hasyly ýygnalýar. Gawundyr garpyzlary ösdürip ýetişdirmek irginsiz zähmeti, uly jogapkärçiligi talap edýär. Ekişi wagtynda geçirmek, otag otamak, suw tutmak, zyýankeşlerden goramak ýaly işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi netijesinde bol hasyl kemala gelýär. Maňa ähli ideg işlerinde maşgala agzalarym ýakyndan kömek berýärler. Ýetişdiren hasylymyzy ak bazarlarymyzda ilatymyza hödürleýäris.

Gülhumar HOJAHMETOWA,
TAP-nyň Köneürgenç etrap komitetiniň hünärmeni.