Kombaýnçy doganlar

19 Iýul 2023
438

Ýigit çykyp, özlerine kär saýlamaly bolanda, doganlaryň ikisi-de, gürrüňsiz, ata kesbine eýerdiler. Çünki il arasynda uly abraý gazanan kakasynyň zähmet ýoly olar üçin görelde mekdebi boldy. 30 ýyla golaý wagtdan bäri oba hojalyk ulaglarynyň dürli görnüşlerini ussatlyk bilen dolandyryp gelýän Ýaraşmyrat aga hem bu gün ogullarynyň öz kesbine eýerip, «polat atlara» ussatlyk bilen erk edişlerine çäksiz guwanýar.

Kerki etrabynyň Astanababa şäherçesiniň ýaşaýjylary, kombaýnçy doganlar Batyr we Daýanç Kulyýewler orta mekdebi tamamlap, sürüjilik şahadatnamalaryny ellerine alan pursatlaryndan bäri kuwwatly däne orýan kombaýnlary ussatlyk bilen dolandyrýarlar. Doganlaryň ulusy Batyr indi on ýyldan gowrak wagt bäri dürli kysymly däne orujy kombaýnlary sürmekde daýhanlaryň ýakyn ýardamçylarynyň biri. Daýanjyň hem mehanizatorçylyga ykbalyny baglanyna 8 ýyla golaý wagt boldy. Olar etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasy tarapyndan özlerine berkidilen däne orýan kombaýny iş çalşygyna laýyklykda agzybirlikde dolandyrýarlar. Watan harmanynyň beýgelmeginde, kärendeçileriň yhlaslarynyň ýerine düşmeginde «polat ata» atlanýan bu mehanizator ýigitleriň hyzmatlary uly. Olar zähmet gaýnap joşýan bereketli atyzlarda ýetişdirilen hasylyň bökdençsiz we isripsiz ýygnalmagyna örän jogapkärçilikli çemeleşýärler. «Batyr bilen Daýanjyň orak möwsümine işjeň gatnaşmaklary, erk edýän tehnikalaryna eýelik gözi bilen garap, saz işledişleri, kärendeçi daýhanlar bilen ysnyşykly işleýişleri köplere nusga alarlykdyr» diýip, etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanigi Pirmyrat Mätekow hem olaryň zähmetine ýokary baha berýär.