Gowaça meýdanlaryndaky yhlasly zähmet

19 Iýul 2023
442

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň bereketli pagta hasylyny kemala getirmekde uly ähmiýete eýe bolan häzirki günlerde welaýatymyzyň beýleki künjekleriniň hatarynda, Boldumsaz etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginde hem bu ugurdaky işler ýokary depginler bilen barýar. Munuň şeýledigini onuň çäklerindäki gowaça meýdanlarynda ir ertirden giç agşama çenli dowam edýän bejergi işlerinde gazanylýan netijelerden, olara yhlasly gatnaşýan zähmetsöýer adamlaryň sözlerinden aýdyň bilmek mümkin.

— Şu ýylyň baharynda 1246 gektar meýdana gowaça ekdik — diýip, daýhan birleşiginiň baş agronomy Kakabaý Täjow golaýda iş üstünde gürrüňdeş bolanymyzda aýtdy: — Şunlukda, ol ýerlerde kadaly gögeriş hem alyndy. Bu bolsa bejergi işlerine öz wagtynda, uly höwes bilen girişmäge ýardam berdi. Gysga döwürde ýekelenilip, göwnejaý iýmitlendirilen, haşal otlardan arassalanylan gowaçalarymyzyň ösüşi-de talabalaýyk boldy. Häzirki günlerde olar boýlaryny ýetirip, gül-gunçalaryny barha artdyrýarlar. Muny kärendeçiler toparlarymyzyň haýsy biriniň meýdanlaryna barsaň hem görmek mümkin.

Ýörite habarçymyz.