"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Pagtaçylyk hakynda kanunçylyk

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly nesihatlary, umumadamzat ähmiýetli taglymatlary siňen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösdürmek esasy möhüm ugurlaryň biri hökmünde kesgitlendi. Çünki ýurdumyzda eksporta niýetlenen önümleriň öndürilişiniň artmagy üçin  pagtaçylygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 24-nji fewralynda gol çeken Karary bilen 2023-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasynyň tassyklanylmagy ýurdumyzda dürli oba hojalyk önümleriniň, şol sanda pagtanyň bol hasylyny ýetişdirmäge ählitaraplaýyn mümkinçilikleri döretdi.  Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň pagta meýdanlarynda çekilýän joşgunly zähmet hem muny doly görkezýär.

Taryhy mejlisiň ähmiýeti wagyz edildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde öňde goýlan wezipeleri, kabul edilen çözgütleri ilat arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, birnäçe çäreler geçirilýär. Oba hojalygynda möwsümleýin işleriň guramaçylykly dowam edýän günlerinde Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Şabat etrap komiteti tarapyndan taryhy mejlisiň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde öňdebaryjy kärendeçiler bilen iş üstünde duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda taryhy mejlisde Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň çuň manyly çykyşlaryndan gelip çykýan wezipeler dogrusynda buýsançly gürrüň edildi. Duşuşygyň dowamynda kärendeçiler, öňdebaryjy ýer eýeleri oba hojalyk pudagynda yhlasly we netijeli işlemäge  döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Pagta — 2023

Hasyl ýitgisiz ýygnalýar Akdepe etrabynyň S.Çerkezow adyndaky daýhan birleşiginiň pagtaçylyga ýöriteleşdirilen 11 sany kärendeçiler topary bolup, olar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 960 gektar meýdanda «ak altynyň» bol hasylyny ýetişdirdiler. Kärendeçi daýhanlar pagta ýygymy möwsüminiň ýokary depginini guramaçylykly dowam etdirýärler. Hojalygyň 1,3,4-nji kärendeçiler toparlary döwlete pagta tabşyrmakda öňde barýarlar. Bu toparlaryň öňdebaryjy kärendeçilerinden Arslan Babajanow 11,1 gektar ýerinden 20 tonna 600 kilogram, Şöhrat Babajanow 13 gektardan 23 tonna 508 kilogram, Garly Geldiýew 10 gektardan 16 tonna 335 kilogram, Maksat Kakaýew 10 gektardan 16 tonna 159 kilogram «ak altyny» Watan harmanyna goşmagy başardylar.

Işleri rowaçlanýan daýhan hojalygy

Täçmyrat Öwezow Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Ýalkym geňeşliginde ýaşaýar. Täçmyrat aga 20 ýyl töweregi mundan öň şu golaýdan 25 gektar ýeri hususy eýeçilige alyp, ondan netijeli peýdalanmagy başarýan guýmagursak daýhan hökmünde özüni tanatdy. Ol şol ýyllarda özüniň hususy tehnikalaryny işletmegiň hasabyna ýerleri özleşdirip, bugdaýdan we bakja ekinlerinden bereketli hasyl almagy başardy. Ol soňky ýyllarda-da täze ýerleri özleşdirmegini dowam etdirdi. Tejribeli daýhan häzirki wagtda ýerleri uzak möhletleýin kärendesine almagyň hasabyna 450 gektara golaý ýere eýeçilik edýär. Täçmyrat aganyň daýhan hojalygynda ýetişdirilen pomidordyr gawun-garpyzlar şirin tagamy bilen ýurdumyzyň bazarlarynda hyrydarly önümler hökmünde uly isleg bilen satyn alynýar. — Daýhançylyk ata-babalarymyzyň kesbi. Şonuň üçin men hem ýaşlykdan ýere imrikdim. Ýere alyn deriňi dökseň, ol rysgal-berekedini gysganmaz. Halal zähmet siňdirilip ýetişdirilen nygmatyň lezzeti hem başgaça bolýar. Maşgalamyz bilen ata-babalarymyzyň ýere eýeçilik gözi bilen garamak, oňa halal zähmetiňi siňdirmek ýaly ýörelgelerine uýup ýaşaýarys. Şu ýyl 22 gektar ýerde pomidor, 13 gektar ýerde gawun-garpyz ýetişdirip, hasyly ýurdumyzyň bazarlarynda ýerleşdirdik. Dogrusyny aýtsam, ýetişdirilen hasylyň agramly bölegini hyrydarlaryň özleri gelip satyn alýarlar. Bu bolsa biziň işimizi birnäçe esse ýeňilleşdirýär. Daýhan hojalygymyzyň 40

Şaly oragy gyzgalaňly dowam edýär

Welaýatymyzyň babadaýhanlary şu aýyň 7-sinde şaly oragyna guramaçylykly girişdiler. Eýýäm şaly ekilen meýdanlaryň 150 gektardan gowragynda bereketli hasylyň ilkinji tonnalary ýygnaldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyny goýan we hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda oba hojalyk önümçiligini kämilleşdirmek, täze ykdysady usullary ornaşdyrmak, bu pudagyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek boýunça amala aşyrylýan beýik işleriň netijesinde azyklyk önümleriň bolçulygy üpjün edilýär. Bereketli topragymyzdan ýygnalýan hasylyň hili we derejesi hem ýokarlanýar. Ynha, şu ýyl hem lebaply ekerançylar 10200 gektar meýdanda azyklyk ekinleriň esasylarynyň biri bolan şalynyň bol hasylyny ýetişdirdiler. Olar şonça meýdandan 47400 tonna hasyl ýygnamagy maksat edinýärler. «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň hünärmenleriniň aýtmaklaryna görä, şu ýyl şalynyň ýokary hasyl berijiligi bilen tapawutlanýan «Nukus-2» görnüşi ekildi. Ilatyň saçagynda köp görnüşli, ýokary hilli we ýokumly bu azyklyk önümiň bol bolmagy üçin yhlasly zähmet çekildi.

Daýhan yhlasy ýerine düşýär

Altyn güýzüň ruhuňy göterýän ýakymly pursatlary barha köpelýär. Ynha, welaýatymyzyň ekerançylyk meýdanlarynda bugdaý ekişi tamamlanyp barýar, şaly ekilen meýdanlaryň bol hasyly ýygnalýar. Bularyň hemmesi daýhanlaryň ýerden bol hasyl almak baradaky arzuwlaryna ganat bagladýar. Şu gyzgalaňly günlerde Dänew etrabynyň «Aşgabat» daýhan birleşiginiň pagtaçy daýhanlarynyň hem öz gyssaglary özlerinde. «Ak altynly» meýdanlarda ýetişdirilen bol hasyly öz wagtynda ýygnamak, göz öňünde tutulan pellä abraý bilen ýetmek esasy maksat bolup durýar. Daýhan birleşiginiň başlygy Berdimyrat Ýangibaýew şu ýyl 1100 gektar meýdanda gowaçanyň bol hasyl berýän «S-2606» görnüşiniň ekilendigini, şonça meýdandan 3720 tonna «ak altyny» ýygnamagy maksat edinýändiklerini aýdýar. Daýhan birleşigi boýunça her günde ýygnalýan «ak altynyň» tonnalarynyň sany barha artýar. Gowaçaly pellerde kuwwatly «John Deere» kombaýnlarynyň 4-si iki ýana gatnaýar. Olaryň güýji bilen her günde 25-27 tonna «ak altyn» ýygnalýar.

«Ak altynyň» tonnalary artýar

Şu günler «ak altynly» pellerde gyzgalaňly zähmet gaýnap joşýar. Ir ertirden garaňky düşýänçä atyzlarda pagta ýygýan kombaýnlary, kärendeçileri we olaryň kömekçilerini görmek bolýar. Öňdebaryjy hojalyklaryň biri hasaplanylýan Çärjew etrabynyň «Dostluk» daýhan birleşiginde hem hut şeýle. Daýhan birleşiginiň başlygy Mahmut Jumabaýewiň aýtmagyna görä, şu ýyl hojalykda jemi 815 gektar meýdanda bol hasyl ýetişdirildi. Şonça ýere kärendeçileriň 314-si eýeçilik edýär. Daýhan birleşiginiň kärendeçileriniň maksady şu möwsümde 2241 tonna «ak altyny» ýygnamakdan ybarat. Ýygnalan hasylyň mukdary 1500 tonnadan geçdi. Hojalygyň ýolbaşçysy 2500 tonna «ak altyny» ýygnamaga mümkinçiligiň bardygyny aýdýar. Maksatly menzile ýetmek üçin pagtaçy kärendeçiler tutanýerli zähmet çekýärler. Şu günlerde şertnamalaýyn borçnamalaryna amal edýän daýhanlaryň sany günsaýyn artýar. 6-njy kärendeçiler toparynyň pagtaçylary hem möwsümde öňe saýlanýarlar. Ýaşdygyna garamazdan, Nargiza Döwletowa hem öňdebaryjylaryň hatarynda tanalýar. Ol daýhan birleşiginde ilkinjileriň hatarynda hojalyk bilen baglaşan şertnamalaýyn borçnamasyny berjaý etdi. 1,3 gektar meýdandaky gowaça agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ideg eden zenan kabul ediş harmanhanasyna 4,8 tonnadan geçirip, ýokary hilli pagta tabşyrmagyň hötdesinden geldi. Onuň kärdeşi Atamyrat Rizaýew hem 4,35 gektar meýdanda bol hasyl ýetişdirdi. Onuň borç

Welaýatymyzda pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär

Ak pagtamyz — ak bagtymyz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda kemala getirilen bereketli «ak altyn» hasylyny çalt hem-de isripsiz ýygnap, Watan harmanyna goşmak ugrundaky aladalar welaýatymyzyň ähli pagtaçy daýhanlaryny, kombaýnçylaryny, mehanizatorlaryny gurşap aldy. Şonuň netijesinde kabul ediş bölümlerine gündelik ugradylýan pagtanyň mukdary artyp, harmanlar barha beýgelýär.

Şaly oragy ýokary depginde

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň şalyçylary şu ýyl 4750 gektar ýerde bu gymmatly azyklyk ekiniň bereketli hasylyny kemala getirmek ugrunda gaýratly zähmet çekdiler. Şu ýyl şaly oragynyň ilkinji günlerinden bu daýhan birleşiginiň kärendeçileriniň Watan harmanyna goşýan goşandynyň guwandyryjy bolýandygyny aýtmagymyz gerek. Saparmyrat Öräýewiň 33 gektar kärende ýerinden 200 tonna golaý, Haýtgylyç Gurbangylyjowyň 10 gektar meýdanyndan 55 tonnadan gowrak, Allaberdi Söýegowyň 8 gektar ýerinden 48 tonna, Arazgeldi Gökgözowyň 6 gektaryndan 35 tonna ýakyn şaly hasyly harmana tabşyryldy. Şeýle bitginli hasylyň ýetişdirilendigini hojalygyň beýleki kärendeçileriniň kärende ýerlerini synlanyňda hem görmek bolýar. Şaly oragy möwsümi etrabyň «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginde hem gowşamaýan depginde dowam edýär. Bu hojalygyň şalyçylary şu ýyl 3350 gektar ýerde şalynyň bitginli hasylyny ýetişdirdiler. Galla kabul ediş nokadyndan berilýän habarlar zähmetsöýer şalyçylaryň ekin meýdanlaryndan ýygnalýan «sary altynyň» hiliniň hem, hasyllylygynyň hem ýokarydygyny görkezýär. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, bu ýere bir günüň dowamynda şalyçy kärendeçiler Jennet Batyrowanyň 44, Humaý Arazmedowanyň 15, Baýramgeldi Kulyýewiň 10, Altyn Baýmyradowanyň 6 gektar kärende ýerlerinden ýygnalyp, gapandan geçen şaly hasylynyň her gektarynyň ortaça görkezijisi 50 — 55 sent

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

Herekete bereket Ýakynda welaýatymyzyň hojalyklarynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamaklyga girişildi.

Ekiş gyzgalaňly barýar

Ak bugdaý etrabynyň gallaçy daýhanlary geljek ýylyň hasyly üçin 26 müň gektarda güýzlük däne ekişini geçirmegi meýilleşdirip, bu işi gyzgalaňly alyp barýarlar. Ekişi agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, öz wagtynda geçirmegiň möhüm talap bolup durýandygyna we geljek ýylyň bol hasylyň girewidigine oňat düşünýän etrabyň ak ekin ussatlary bu işe jigapkärli çemeleşýärler. Ekişde etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň we daýhan birleşikleriniň ekijileriniň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar. Magtymguly adyndaky, “Bugdaýly” daýhan birleşikleriniň, “Ak üzüm”, “Üzümli toprak” daýhan hojalyklarynyň zähmetkeşleri däne ekişinde has-da tutanýerlilik görkezýärler. Ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly gögerişiň gazanylýandygyny hem bellemek ýakymly.

Watan harmany beýgelýär

Şu günler «ak altynly» pellerde pagta ýygymy sazlaşykly we güýçli depginde dowam edýär. Pagta ýygymynyň guramaçylykly geçirilmeginiň köp derejede kombaýnlaryň bökdençsiz, öndürijilikli işine baglydygy hemmelere mälimdir. Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň hem-de Tejen etrap Medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda, Tejen daýhan birleşiginiň pagta meýdanynda günorta arakesme wagtynda «Armaweriň, pagtaçylar!» ady bilen aýdym-sazly medeni-dynç alyç çäresi geçirildi. Medeniýet hem-de sungat ussatlarynyň görkezen çykyşlary zähmetkeşleri has-da hyjuwly işläp zähmet üstünliklerini gazanmaga höweslendirdi. Kärendeçi daýhanlar köp zähmet siňdirip ýetişdirilen bol hasyly ýitgisiz ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak ugrunda jan aýaman zähmet çekýärler. Edermen babadaýhanlar şeýle ajaýyp durmuşda ýaşamaga, işlemäge zerur şertleri döredýän, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Möhüm möwsümiň aladalary

Mizanyň gelmegi bilen diňe bir daýhanlar däl, maldarlar üçin-de jogapkärli we aladaly döwür bolan höwür möwsümi başlanýar. Tejribeli maldarlar dowarlardan owlak-guzy almakda höwür möwsüminiň möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn belleýärler. Halaç etrabynyň «Garagum» maldarçylyk hojalygynyň çopan-çoluklary-da şu günler şeýle jogapkärli möwsümi başdan geçirýärler. Hojalygyň 58 müňden gowrak maýda malynyň 27 müň 400-si ene goýunlar bolup durýar. Şolardan başa-baş guzy almak baş maksat. Geçen ýyllaryň netijelerine ser salsaň, maldarlaryň «Malym — janym» diýip işleýän hakyky ussatlardygyna göz ýetirýärsiň. Iň bir guwandyrýan ýeri, hojalygyň 44 çopan toparlarynyň ählisem halypa-şägirtlik ýoluny ýöredýän we bir maşgalada kemala gelen çopanlar. Şu ýörelgä eýerýän halypa çopan Nurmyrat Allaberdiýew bilen bu uzak Garagumdaky «Nasosguýy» diýlen ýerde gabatlaşdyk. Indi köp ýyllardan bäri çopançylyk kärini ýöredip gelýän halypa öz ýanyna ogly Döwrany kömekçi edip alypdyr. «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medala mynasyp çopan bilen söhbet gurasaň, onuň tejribesiniň durşuna bir mekdepdigine göz ýetirýärsiň. Çopan goşunda ol bize çaý mürähet etdi. Çuňlugy 80 gulaja ýetýän guýynyň suwunyň ojar odunyň howruna gaýnamagy we oňa çölüň yşgyn otunyň atylyp demlenmegi biziň bilesigelijiligimizi has-da artdyrdy. Ol muny aňan dek söze başlady:

Harmanlar hanalardan döreýär

«Ak altyn» ussatlarynyň durmuşynda möhüm möwsüm bolan pagta ýygymy Babadaýhan etrabynda hem gyzgalaňly dowam edýär. Bereketli atyzlardaky hasyly ýygnamak işi etrabyň «Zähmet» daýhan birleşiginde has-da guramaçylykly alnyp barylýar. Bu daýhan birleşiginden Ýaran Hojaýewiň zähmetsöýer kärendeçiler maşgalasy-da «ak altyn» harmanynyň barha beýgelmegine mynasyp goşandyny goşup gelýär. Indi otuz ýyldan gowrak wagt bäri ene topraga hyzmat edip gelýän kärendeçiler maşgalasynyň 14 gektar ýerde ýetişdiren hasyly bereketli bolupdyr. Kärendeçiler maşgalasynyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny zähmet üstünliklerine beslemek hyjuwy bilen alyn derini siňdirip ýetişdiren gowaça hasylyny synlanyňda gözüň dokunýar. Geçen ýyl her gektardan 30 sentnerden geçirip hasyl alan kärendeçiler maşgalasynyň şu ýylky ýetişdiren hasylyndan hem göwünleri hoş.

Ýygym gyzyşýar

«Ak altynly» atyzlardaky hasyly wagtynda ýygnamak we harmana daşamak oba hojalygynda şu günüň esasy wezipeleriniň biridir. Bu ugurdaky işlere welaýatymyzyň pagtaçylary jogapkärçilikli çemeleşýärler. Üstümizdäki ýylda belent harmana «ak altynyň» 280 müň tonnasyny goşmagy belent maksat edinen welaýatymyzyň pagtaçylary gyzgalaňly günlerde yhlasly zähmet çekýärler. Möwsümde ýokary öndürijilikli pagta ýygyjy kombaýnlaryň 250-si daýhanlarymyzyň ygtyýarynda. Gyzgalaňly döwürde kombaýnlaryň güýjünden netijeli peýdalanylyp, ýapragy düşürilen meýdanlardan pagtanyň günde ýüzlerçe tonnasy ýygnalýar. Kuwwatly «polat atlara» ussatlarça erk edýän mehanizatorlaryň bu babatdaky işjeňligi bellenmäge mynasypdyr. Möwsümde Gökdepe, Ak bugdaý, Bäherden etraplarynyň pagtaçylary öňdeligi saklaýarlar. Agzalan etraplaryň jemgyýetçilik guramalarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetleriniň wekilleri pagtaçylaryň arasynda höweslendiriş işlerini alyp barýarlar. Bu bolsa, ýygymyň depginine oňyn täsirini ýetirýär.

Oba hojalygy: möwsümleýin işleriň bady gowşamaýar

16-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen bagly meselelere garaldy. Maslahatyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýew, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow çykyş edip, welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Hoş habarlar köpelýär

Rysgal-berekede, buýsandyryjy wakalara beslenýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny Mary welaýatynyň «ak altyn» ussatlary täze hoş habarlar bilen hem baýlaşdyrýarlar. Etraplaryň daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň kärendeçileridir köpmüňçi ýygymçylarynyň arasynda guralan ýaryş bolsa, gowudan-gowy netijeleriň gazanylmagyna, döwlete pagta tabşyrmak baradaky meýilnamalaryň wagtyndan öň ýerine ýetirilmegine ýakyndan ýardam edýär. Munuň şeýledigine şu ýyl Watan harmanyna 43 müň 600 tonna pagta goşmagy özleriniň baş wezipesine öwren Baýramaly etrabynyň pagtaçylarynyň mysalynda hem göz ýetirip bolýar. Özünde birnäçe daýhan birleşigi, onlarça daýhan hojalygyny, öz işine diýseň yhlasly pagtaçy kärendeçileriň uly toparyny jemleýän etrapda döwletde pagta tabşyrmak baradaky meýilnamalaryny wagtyndan öň berjaý edendiklerini habar berýän hoş habarlar barha köpelýär.

Şaly harmany beýgelýär

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Daşoguz welaýatynyň şalyçylary 8 müň 100 gektar ýerde bereketli saçaklaryň bezegi bolan şalynyň bol hasylyny kemala getirdiler. Häzirki wagtda ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak işleri gyzgalaňly dowam edýär. Şaly, esasan, welaýatyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «27-nji oktýabr» we S.A.Nyýazow adyndaky ýöriteleşdirilen daýhan birleşiklerinde ösdürilip ýetişdirilýär. Uly üstünliklere beslenýän ýylymyzda S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde 4 müň 750 gektar meýdandan 20 müň 500 tonna, «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginde bolsa 3 müň 350 gektar ýerden 14 müň 500 tonna hasyl ýygnap almak göz öňünde tutulýar. Şalynyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin bu daýhan birleşikleri kärendeçileriň ýüzlerçesi bilen şertnama baglaşdy. Ýöriteleşdirilen hojalyklaryň şalyçy kärendeçileriniň ençemesi oragyň ilkinji günlerinden şertnamalaýyn tabşyryklaryny artygy bilen berjaý edip, uly zähmet üstünligini gazandylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agrosenagat toplumynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar, daýhanlaryň zähmetine mynasyp baha berilýär. Şeýle özgertmeler netijesinde, ýer eýeleriniň ene topraga bolan yhlasy artýar. Bu günki gün mele topraga yhlasly zähmetini siňdirýän daýhanlar döredilýän oňaýly şertler, berýän hemaýat-goldawlary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

Gyşa taýýarlyk

Maldarlar üçin gyş pasly jogapkärli möwsümleriň biri hasaplanylýar. Muňa Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň işjanly maldarlary diýseň oňat düşünýärler. Olar şu günlerden gyş möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, mallaryň baş sanyny artdyrmak, olaryň gyşladyljak ýerleri bolan agyllaryň 49-synda, kaşarlaryň 18-sinde, sygyr ýataklarynyň 69-synda we düýe agyllarynyň 7-sinde abatlaýyş-bejeriş işlerini geçirýärler. Bu işde etrabyň «Magtymguly», Şaja Batyrow adyndaky, «Ýeňiş», «Mürçe» daýhan birleşikleriniň işjanly maldarlary has hem görelde alarlyklydyr. Olar «Näzdepe», «Mydar», «Garry kak», «Meňen», «Arap» «Goşa-kak», «Alagol» öri meýdanlarynda mallary bakmak bilen olaryň baş sanyny artdyrmak üçin tagallalaryny gaýgyrmaýarlar. Şeýlelikde, sähra merdanalary jemgyýetçilik mallaryna eýeçilik gözi bilen garaýarlar. «Gyşyň güni kyrk tüýsli, ...» diýen pähimden ugur alýan maldarlar, çopan-çoluklar bu jogapkärli möwsümiň gyş aladalaryny irgözinden edýärler. Häzirki wagtda zerur bolan ätiýaçlyk ot-iýmler mallaryň gyşladyljak ýerlerine eltildi. Munuň özi işjanly maldarlaryň işlerini ep-esli ýeňilleşdirýär.

Bakjasy bar baldan datly

Boldumsaz etrabynyň «Aşgabat» daýhan birleşigi bakjaçylyga ýöriteleşdirilen hojalyklaryň biri. Daýhan birleşiginde her ýyl gawunyň, garpyzyň, kädiniň bereketli hasyly ýetişdirilýär. Bu ýerde ýetişdirilýän gök-bakja önümleri süýjüligi bilen ilat arasynda meşhurlyga eýe boldy. Şu ýyl daýhan birleşigi boýunça gawunyň, garpyzyň, kädiniň 55 gektary ekildi. Hojalyk boýunça bakjaçy kärendeçileriň 14-si bu behişdi nygmatlary ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýarlar. Daýhan birleşigiň bakjaçy kärendeçilerinden Döwlet Mätsapaýew 1 gektar ýerde, Haljan Bekjanow 1,20 gektar ýerde gawun, Döwlet Meňlibaýew 1,50 gektar, Nurmuhammet Mämedow 0,80 gektar ýerde garpyz ösdürip ýetişdirýärler. Häzirki döwürde bakja ekinleriniň hasyly tamamlaýjy tapgyrda ýygnalýar. Kärendeçiler özleriniň ýetişdiren bakja önümlerini ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryna hem ugradýarlar. Ýurdumyzyň ähli ýerinde olaryň ýetişdirýän bakja önümlerine isleg uly.