Daýhan yhlasy ýerine düşýär

18 Oktýabr 2023
465

Altyn güýzüň ruhuňy göterýän ýakymly pursatlary barha köpelýär. Ynha, welaýatymyzyň ekerançylyk meýdanlarynda bugdaý ekişi tamamlanyp barýar, şaly ekilen meýdanlaryň bol hasyly ýygnalýar. Bularyň hemmesi daýhanlaryň ýerden bol hasyl almak baradaky arzuwlaryna ganat bagladýar.

Şu gyzgalaňly günlerde Dänew etrabynyň «Aşgabat» daýhan birleşiginiň pagtaçy daýhanlarynyň hem öz gyssaglary özlerinde. «Ak altynly» meýdanlarda ýetişdirilen bol hasyly öz wagtynda ýygnamak, göz öňünde tutulan pellä abraý bilen ýetmek esasy maksat bolup durýar. Daýhan birleşiginiň başlygy Berdimyrat Ýangibaýew şu ýyl 1100 gektar meýdanda gowaçanyň bol hasyl berýän «S-2606» görnüşiniň ekilendigini, şonça meýdandan 3720 tonna «ak altyny» ýygnamagy maksat edinýändiklerini aýdýar. Daýhan birleşigi boýunça her günde ýygnalýan «ak altynyň» tonnalarynyň sany barha artýar. Gowaçaly pellerde kuwwatly «John Deere» kombaýnlarynyň 4-si iki ýana gatnaýar. Olaryň güýji bilen her günde 25-27 tonna «ak altyn» ýygnalýar.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
ýörite habarçymyz.