Bakjasy bar baldan datly

17 Oktýabr 2023
615

Boldumsaz etrabynyň «Aşgabat» daýhan birleşigi bakjaçylyga ýöriteleşdirilen hojalyklaryň biri. Daýhan birleşiginde her ýyl gawunyň, garpyzyň, kädiniň bereketli hasyly ýetişdirilýär. Bu ýerde ýetişdirilýän gök-bakja önümleri süýjüligi bilen ilat arasynda meşhurlyga eýe boldy.

Şu ýyl daýhan birleşigi boýunça gawunyň, garpyzyň, kädiniň 55 gektary ekildi. Hojalyk boýunça bakjaçy kärendeçileriň 14-si bu behişdi nygmatlary ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýarlar. Daýhan birleşigiň bakjaçy kärendeçilerinden Döwlet Mätsapaýew 1 gektar ýerde, Haljan Bekjanow 1,20 gektar ýerde gawun, Döwlet Meňlibaýew 1,50 gektar, Nurmuhammet Mämedow 0,80 gektar ýerde garpyz ösdürip ýetişdirýärler. Häzirki döwürde bakja ekinleriniň hasyly tamamlaýjy tapgyrda ýygnalýar. Kärendeçiler özleriniň ýetişdiren bakja önümlerini ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryna hem ugradýarlar. Ýurdumyzyň ähli ýerinde olaryň ýetişdirýän bakja önümlerine isleg uly.

Maýsa ÖWEZOWA,