«Ak altynyň» tonnalary artýar

18 Oktýabr 2023
570

Şu günler «ak altynly» pellerde gyzgalaňly zähmet gaýnap joşýar. Ir ertirden garaňky düşýänçä atyzlarda pagta ýygýan kombaýnlary, kärendeçileri we olaryň kömekçilerini görmek bolýar. Öňdebaryjy hojalyklaryň biri hasaplanylýan Çärjew etrabynyň «Dostluk» daýhan birleşiginde hem hut şeýle. Daýhan birleşiginiň başlygy Mahmut Jumabaýewiň aýtmagyna görä, şu ýyl hojalykda jemi 815 gektar meýdanda bol hasyl ýetişdirildi. Şonça ýere kärendeçileriň 314-si eýeçilik edýär. Daýhan birleşiginiň kärendeçileriniň maksady şu möwsümde 2241 tonna «ak altyny» ýygnamakdan ybarat. Ýygnalan hasylyň mukdary 1500 tonnadan geçdi. Hojalygyň ýolbaşçysy 2500 tonna «ak altyny» ýygnamaga mümkinçiligiň bardygyny aýdýar.

Maksatly menzile ýetmek üçin pagtaçy kärendeçiler tutanýerli zähmet çekýärler. Şu günlerde şertnamalaýyn borçnamalaryna amal edýän daýhanlaryň sany günsaýyn artýar. 6-njy kärendeçiler toparynyň pagtaçylary hem möwsümde öňe saýlanýarlar. Ýaşdygyna garamazdan, Nargiza Döwletowa hem öňdebaryjylaryň hatarynda tanalýar. Ol daýhan birleşiginde ilkinjileriň hatarynda hojalyk bilen baglaşan şertnamalaýyn borçnamasyny berjaý etdi. 1,3 gektar meýdandaky gowaça agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ideg eden zenan kabul ediş harmanhanasyna 4,8 tonnadan geçirip, ýokary hilli pagta tabşyrmagyň hötdesinden geldi. Onuň kärdeşi Atamyrat Rizaýew hem 4,35 gektar meýdanda bol hasyl ýetişdirdi. Onuň borçnamasyny ýerine ýetiren güni Watan harmanyna tabşyran pagtasy 16 tonnadan geçdi. Kärendeçiler ýene-de azyndan iki ýygym geçirmegi meýilleşdirýärler. Bu bolsa olaryň şertnamalaýyn borçnamalaryndan ep-esli artyk «ak altyny» kabul ediş harmanhanasyna tabşyrjakdyklaryna güwä geçýär.

Döwlet JUMADURDYÝEW.
Surata düşüren Merdan ORAZOW.