Pagtaçylyk hakynda kanunçylyk

19 Oktýabr 2023
556

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly nesihatlary, umumadamzat ähmiýetli taglymatlary siňen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösdürmek esasy möhüm ugurlaryň biri hökmünde kesgitlendi. Çünki ýurdumyzda eksporta niýetlenen önümleriň öndürilişiniň artmagy üçin  pagtaçylygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 24-nji fewralynda gol çeken Karary bilen 2023-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasynyň tassyklanylmagy ýurdumyzda dürli oba hojalyk önümleriniň, şol sanda pagtanyň bol hasylyny ýetişdirmäge ählitaraplaýyn mümkinçilikleri döretdi.  Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň pagta meýdanlarynda çekilýän joşgunly zähmet hem muny doly görkezýär.

Daňatar ABDYLLAÝEW,
Akdepe etrabynyň prokurory, 2-nji derejeli ýurist.