Hoş habarlar köpelýär

17 Oktýabr 2023
600

Rysgal-berekede, buýsandyryjy wakalara beslenýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny Mary welaýatynyň «ak altyn» ussatlary täze hoş habarlar bilen hem baýlaşdyrýarlar. Etraplaryň daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň kärendeçileridir köpmüňçi ýygymçylarynyň arasynda guralan ýaryş bolsa, gowudan-gowy netijeleriň gazanylmagyna, döwlete pagta tabşyrmak baradaky meýilnamalaryň wagtyndan öň ýerine ýetirilmegine ýakyndan ýardam edýär.

Munuň şeýledigine şu ýyl Watan harmanyna 43 müň 600 tonna pagta goşmagy özleriniň baş wezipesine öwren Baýramaly etrabynyň pagtaçylarynyň mysalynda hem göz ýetirip bolýar. Özünde birnäçe daýhan birleşigi, onlarça daýhan hojalygyny, öz işine diýseň yhlasly pagtaçy kärendeçileriň uly toparyny jemleýän etrapda döwletde pagta tabşyrmak baradaky meýilnamalaryny wagtyndan öň berjaý edendiklerini habar berýän hoş habarlar barha köpelýär.

Allaberdi SAPARGELDIÝEW,
öz habarçymyz.