Işleri rowaçlanýan daýhan hojalygy

19 Oktýabr 2023
495

Täçmyrat Öwezow Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Ýalkym geňeşliginde ýaşaýar. Täçmyrat aga 20 ýyl töweregi mundan öň şu golaýdan 25 gektar ýeri hususy eýeçilige alyp, ondan netijeli peýdalanmagy başarýan guýmagursak daýhan hökmünde özüni tanatdy. Ol şol ýyllarda özüniň hususy tehnikalaryny işletmegiň hasabyna ýerleri özleşdirip, bugdaýdan we bakja ekinlerinden bereketli hasyl almagy başardy. Ol soňky ýyllarda-da täze ýerleri özleşdirmegini dowam etdirdi. Tejribeli daýhan häzirki wagtda ýerleri uzak möhletleýin kärendesine almagyň hasabyna 450 gektara golaý ýere eýeçilik edýär. Täçmyrat aganyň daýhan hojalygynda ýetişdirilen pomidordyr gawun-garpyzlar şirin tagamy bilen ýurdumyzyň bazarlarynda hyrydarly önümler hökmünde uly isleg bilen satyn alynýar.

— Daýhançylyk ata-babalarymyzyň kesbi. Şonuň üçin men hem ýaşlykdan ýere imrikdim. Ýere alyn deriňi dökseň, ol rysgal-berekedini gysganmaz. Halal zähmet siňdirilip ýetişdirilen nygmatyň lezzeti hem başgaça bolýar. Maşgalamyz bilen ata-babalarymyzyň ýere eýeçilik gözi bilen garamak, oňa halal zähmetiňi siňdirmek ýaly ýörelgelerine uýup ýaşaýarys. Şu ýyl 22 gektar ýerde pomidor, 13 gektar ýerde gawun-garpyz ýetişdirip, hasyly ýurdumyzyň bazarlarynda ýerleşdirdik. Dogrusyny aýtsam, ýetişdirilen hasylyň agramly bölegini hyrydarlaryň özleri gelip satyn alýarlar. Bu bolsa biziň işimizi birnäçe esse ýeňilleşdirýär. Daýhan hojalygymyzyň 40 gektar ýerine gowaça ekip ýetişdirdik. Biz onuň her gektaryndan 30 — 35 sentner hasyla garaşýarys. Şu ýyl 70 gektar ýere bugdaý ekmegi meýilleşdirýäris. Munuň üçin ýerleri doly taýýar edip, häzirki wagtda ekiş işlerine başladyk. Şu ýyl ir bahar 1 gektar ýerde bag nahallaryny oturtdyk. Geljek ýyllarda hem onuň gerimini giňeltmegi göz öňünde tutýarys. Biz her ýyl 20 — 25 gektar täze ekerançylyk ýerlerini özleşdirmegi hem dowam etdirýäris. Ýerden bereketli hasyl almakda ogullarym Agamyrat, Ata, Ýazmyrat dagy ýakyn ýardamçylarym. Bulardan başga-da Baýramgeldidir Allanazar Aşyrowlar, Şadurdy Söýewow, Çarybaý Bazarbaýew dagy daýhan hojalygymyzyň işiniň rowaçlanmagy üçin güýçlerini gaýgyrman zähmet çekýärler. Biziň çeken zähmetimiz özüniň oňyn netijelerini berip gelýär. Munuň üçin ýerden bereketli hasyl almaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman  Serdarymyza hoşallygymyzyň çägi ýok — diýip, daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy, tejribeli daýhan Täçmyrat Öwezow söhbetdeş bolanymyzda aýtdy.

Annageldi BEKIÝEW,
öz habarçymyz.