Taryhy mejlisiň ähmiýeti wagyz edildi

19 Oktýabr 2023
562

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde öňde goýlan wezipeleri, kabul edilen çözgütleri ilat arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, birnäçe çäreler geçirilýär. Oba hojalygynda möwsümleýin işleriň guramaçylykly dowam edýän günlerinde Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Şabat etrap komiteti tarapyndan taryhy mejlisiň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde öňdebaryjy kärendeçiler bilen iş üstünde duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda taryhy mejlisde Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň çuň manyly çykyşlaryndan gelip çykýan wezipeler dogrusynda buýsançly gürrüň edildi.

Duşuşygyň dowamynda kärendeçiler, öňdebaryjy ýer eýeleri oba hojalyk pudagynda yhlasly we netijeli işlemäge  döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.