Şaly oragy gyzgalaňly dowam edýär

18 Oktýabr 2023
470

Welaýatymyzyň babadaýhanlary şu aýyň 7-sinde şaly oragyna guramaçylykly girişdiler. Eýýäm şaly ekilen meýdanlaryň 150 gektardan gowragynda bereketli hasylyň ilkinji tonnalary ýygnaldy.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyny goýan we hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda oba hojalyk önümçiligini kämilleşdirmek, täze ykdysady usullary ornaşdyrmak, bu pudagyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek boýunça amala aşyrylýan beýik işleriň netijesinde azyklyk önümleriň bolçulygy üpjün edilýär. Bereketli topragymyzdan ýygnalýan hasylyň hili we derejesi hem ýokarlanýar. Ynha, şu ýyl hem lebaply ekerançylar 10200 gektar meýdanda azyklyk ekinleriň esasylarynyň biri bolan şalynyň bol hasylyny ýetişdirdiler. Olar şonça meýdandan 47400 tonna hasyl ýygnamagy maksat edinýärler. «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň hünärmenleriniň aýtmaklaryna görä, şu ýyl şalynyň ýokary hasyl berijiligi bilen tapawutlanýan «Nukus-2» görnüşi ekildi. Ilatyň saçagynda köp görnüşli, ýokary hilli we ýokumly bu azyklyk önümiň bol bolmagy üçin yhlasly zähmet çekildi.

Ilmyrat DÖWLETOW.